img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTAN DAŞKENTDE GEÇIRILEN C5+1 DUŞUŞYGYNDA MEDENI HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHMIÝETINI NYGTADY

img
img
img
img

Türkmenistan 2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Daşkent şäherinde geçirilen C5+1 formatyndaky Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Medeniýet ministrleriniň duşuşygynda medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.

Duşuşyk 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Waşington şäherinde geçirilen C5+1 sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň dowamy bolup, şol sammitiň jemleri boýunça medeni mirasy gorap saklamak babatda Bilelikdäki Beýannama kabul edilipdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar medeni mirasy goramak, ylmy taýdan öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem muzeýleriň, ylmy-barlag merkezleriniň we ugurdaş edaralaryň arasynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, medeniýet ulgamynda işleýän hünärmenleriň hünär alyş-çalyşlaryny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, medeniýet ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen bagly meselelere seredildi. Hususan-da, taryhy-medeni ýadygärlikleriň sanlylaşdyrylmagy, olaryň ylmy taýdan öwrenilmeginde, resminamalaşdyrylmagynda we gorap saklanylmagynda innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Gurban Myradalyýew duşuşykda eden çykyşynda medeni hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda özara ynamy berkitmekde, netijeli dialogy ösdürmekde hem-de halklaryň arasynda medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Şeýle hem ol medeni miras desgalaryny dikeltmek, öwrenmek we gorap saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň tejribesine ünsi çekip, medeni mirasy gorap saklamak boýunça ABŞ-nyň Ilçisiniň Gaznasy tarapyndan goldanylýan bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady.