img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DÖWLETJAN ÝAGŞYMYRADOW NOBATDAKY SÖWEŞINI 31-NJI IÝULDA PFL NY ÝARYŞYNDA GEÇIRER

photo

Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni, PFL guramasynyň ýarym agyr agram derejesindäki dünýä reýtinginde ikinji orny eýeleýän Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Long-Aýlend sebitindäki UBS Arena sport toplumynda geçiriljek PFL NY ýaryşyna gatnaşar. Onuň garşydaşy reýtingde bäşinji orny eýeleýän, «Smooth» lakamy bilen tanalýan iňlis söweşijisi Simeon Pauell bolar.

Bu duşuşyk Ýagşymyradowyň häzirki möwsümdäki işjeň çykyşlarynyň dowamyna öwrüler. Ol soňky gezek 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagty Belfast şäherindäki SSE Arena sport toplumynda geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony eminleriň biragyzdan çykaran çözgüdi bilen ýeňdi.

Bu ýeňiş Ýagşymyradowa PFL-däki görkezijisini 4 ýeňşe we 1 ýeňlişe ýetirmäge hem-de öz agram derejesindäki öňdebaryjy orunlaryny saklap galmaga mümkinçilik berdi.

Mundan ozal, 2024-nji ýylyň noýabrynda türkmen türgeni ýarym agyr agram derejesinde PFL çempiony adyny gazanypdy. Ol amerikaly Impa Kasanganaýy ilkinji raundyň bary-ýogy 58-nji sekundynda nokaut edip, ýeňipdi.