img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär

img
img
img
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabrynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki "Pilbergen" atçylyk toplumynda geçiriljek atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Çärä Türkmenistanda iş alyp barýan diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Olar Ýewropada ilkinji gezek geçiriljek bu halkara çäräniň taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy.

Brifingiň dowamynda ahalteke bedewleriniň dünýä şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň meýilleşdirilişi barada maglumatlar berildi.

Çempionat we gözellik bäsleşigi Türkmenistanyň özboluşly medeni mirasyny we ahalteke bedewleriniň baý gymmatlygyny halkara derejede giňden tanyşdyrmaga ýardam berjek möhüm waka bolar.