img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän foruma gatnaşýar

photo

7-nji iýulda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda BMG-niň Ykdysady we durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy forum öz işine başlady.

Durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forum 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilişine baha bermek boýunça BMG-niň esasy ählumumy meýdançasydyr.

Şu ýylyň forumynyň esasy mowzugy: «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş gün tertibini we onuň Durnukly ösüş maksatlaryny hemmeler üçin durnukly geljegi üpjün etmek maksady bilen özgertmeleri amala aşyrýan, adalatly, innowasion we utgaşdyrylan hereketler» diýlip kesgitlenildi.

2026-njy ýylyň 13-nji iýulynda geçirilen Ýokary derejeli syýasy forumyň ministrler derejesindäki mejlisinde BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de raýat jemgyýetiniň wekilleri maksatnamalaýyn çykyşlary bilen çykyş etdiler.

Ministrler derejesindäki bölümi açyp, EKOSOS-yň Başlygy Lok Bahadur Thapa hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Durnukly ösüş maksatlarynyň ählumumy ähmiýetini belläp, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin halkara maliýe ulgamyny düýpli özgertmegiň zerurdygyny nygtadylar.

2026-njy ýylyň Ýokary derejeli syýasy forumynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ýerine ýetirilişi boýunça Durnukly ösüş maksatlarynyň toparlaýyn ugurlary, hususan-da DÖM 6, DÖM 7, DÖM 9, DÖM 11 hem-de DÖM 17 boýunça giňişleýin seljermeler geçirilýär.

Energetika we howanyň üýtgemegi bilen bagly gün tertibi boýunça geçirilen pikir alyşmalarda energetika geçişini çaltlandyrmagyň hem-de arassa energiýa çeşmelerine ygtybarly elýeterliligi üpjün etmegiň zerurdygy tassyklandy. Senagat we şäher infrastrukturasyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda, wekiller kiçi telekeçiligi maliýe taýdan goldamagyň, sanly deňsizligi azaltmagyň hem-de şäherlerde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde esasy ulgamlaýyn binýat hökmünde DÖM 17-iň çäklerinde maliýe serişdelerini herekete getirmek çykyş edýär.

Köptaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça BMG-niň Ýokary derejeli syýasy forumy 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ýerine ýetirilişi boýunça dünýä derejesindäki öňegidişlige baha berýän jemleýji resminamany kabul eder. Häzirki sessiýada 36 döwlet özleriniň Meýletin milli synlaryny (MMS) hödürleýär.

Türkmenistanyň 2019-njy we 2023-nji ýyllarda öz Meýletin milli synlaryny üstünlikli hödürländigini nazara alanyňda, EKOSOS-yň howandarlygyndaky bu foruma gatnaşmak ýurt üçin möhüm amaly ähmiýete eýedir. Häzirki sapar Türkmenistanyň 2027-nji ýylda üçünji Meýletin milli synyny hödürlemäge ulgamlaýyn taýýarlyk görmek işleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.