img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTAN TAHÝA TAÝÝARLAMAK SUNGATYNY ÝUNESKO-NYŇ SANAWYNA GIRIZMEGI TEKLIP ETDI

photo

Türkmenistan tahýa taýýarlamagyň sungatyny we ony geýmegiň däplerini Adamzatyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin ÝUNESKO degişli resminamalary hödürledi. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginde geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça habar berilýär.

Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň hem-de edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar ÝUNESKO bilen özara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygy anyk ugurlarda ösdürmegiň meýilnamalaryny kesgitlediler, şeýle hem toparyň 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda bitiren işleriniň jemleri barada hasabaty diňlediler.

Toparyň hasabatynda bellenilip geçilişi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri türkmen tarapynyň teklipleri esasynda milli mirasyň üç gymmatlygyny ÝUNESKO-nyň sebit we halkara sanawlaryna girizmek üçin möhüm resminamalar taýýarlanyldy hem-de hödürlenildi.

Şunda gürrüň, hususan-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenen Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly halk lukmançylygyndaky däpleri hem-de tahýa taýýarlamagyň sungaty we ony geýmegiň däpleri, şeýle-de «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitleýin sanawyna girizilmegi teklip edilen, VIII asyrda ýaşap geçen meşhur alym, akyldar sopy Ybraýym Edhemiň durmuşy we filosofiýasy barada Türkmenistanyň golýazmalar gaznasynda saklanylýan ýazuw gymmatlyklary barada barýar.