img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTAN WE ÝTÖB ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK HAKYNDA BÄŞ ÄHTNAMA GOL ÇEKDILER

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bank ulgamy, durnukly energetika, daşky gurşawy goramak, suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmak we ulag geçelgelerini ösdürmek ugurlary boýunça özara düşünişmek hakynda bäş sany Ähtnama gol çekdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 28-nji iýulda geçirilen duşuşygyň netijileri boýunça degişli resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝTÖB-niň Prezidenti Odil Reno-Bassonyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerde taraplar hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, bankyň Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, “ýaşyl” energetikany ösdürmek, sebitara arabaglanyşygy pugtalandyrmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça alyp barýan işlerine berýän goldawy aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmäge, sebitleýin ulag geçelgelerini, hususan-da, Transhazar ulag geçelgesini ilerletmäge gönükdirilen geljegi uly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Raşid Meredow Türkmenistanyň ykdysady özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmäge, öňdebaryjy halkara tejribesini we maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle hem ol ileri tutulýan milli we sebit maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine berýän goldawy üçin ÝTÖB-ä hoşallyk bildirdi.

Öz gezeginde, Odil Reno-Basso Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýokary baha berip, ÝTÖB-niň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge, täze institusional we infrastruktura taslamalaryna gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.