TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISI UKRAINANYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ BAŞLYGY BILEN SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGI ULY UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Ataýew bilen Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Gennadiý Çyžikowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegini, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlary üçin özara gyzyklanma bildirýän ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Senagat, gurluşyk, ulag-logistika pudagy, agro-senagat toplumy, farmasewtika we häzirki zaman tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem özara söwdany mundan beýläk-de ösdürmegiň we Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň kompaniýalarynyň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda ukrain kompaniýalarynyň türkmen bazarynda işlerini dowam etdirýändigi we dürli pudaklarda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça tejribä eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ukrain işewürleriniň Türkmenistanda geljegi uly taslamalara mundan beýläk-de gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki taraplaýyn söwdany ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde ulag we logistika meseleleri hem aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan ugurlaryň biri boldy.
Türkmenistanyň Ilçisi ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän maýa goýumlar, nebitgaz we energetika pudagy, senagat, gurluşyk, ulag, logistika, telekommunikasiýalar we sanly tehnologiýalara bagyşlanan halkara forumlar, maslahatlar we sergiler barada maglumat berdi.
Şeýle çäreleriň işewür gatnaşyklary ýola goýmak, kompaniýalaryň mümkinçiliklerini tanyşdyrmak, täze hyzmatdaşlary tapmak we anyk taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi. Ukrainanyň işewür toparlaryna Türkmenistanda geçirilýän degişli ugurlardaky çärelere has işjeň gatnaşmak teklip edildi.
Iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň işewür toparlaryň arasynda göni aragatnaşygyşy goldamakdaky möhüm orny bellenildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň arasyndaky gatnaşyklar, şol sanda gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly hem ösdürilýär.
Taraplar amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge we Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen iş gatnaşyklaryny dowam etdirmek barada ylalaşdylar.