img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

MARY ŞÄHERI 2028-NJI ÝYLDA YHG-NYŇ "SYÝAHATÇYLYK PAÝTAGTY" BOLAR

photo

Mary şäheri 2028-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) syýahatçylyk paýtagty bolar. Bu barada 2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde geçirilen YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisinde bellenildi.

YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Türkmen wekiliýeti gurama ähli agza döwletleri geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda YHG-nyň Türkmenistan üçin ösüşi ilerletmegiň hakyky guraly bolup galýandygyny belledi. Energetika ulgamynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň strategik ähmiýeti, Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga taýýardygy bellenildi.

Şeýle hem çykyşda Türkmenistan YHG-nyň 2035-nji ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlygynyň Strategik maksatlarynyň taslamasyny goldady we olaryň 2024–2034-nji ýyllar üçin Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Awaza Hereketler maksatnamasy bilen sazlaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtady.