img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ KÖÝTENDAG BOÝUNÇA BILELIKDÄKI HÖDÜRNAMASY ÝUNESKO-NYŇ DESLAPKY BAHALANDYRMASYNDAN ÜSTÜNLIKLI GEÇDI

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhetüsti “Köýtendagyň karst landşaftlary, jülgeleri we gowaklary” atly bilelikdäki hödürnamasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmek ugrunda deslapky bahalandyrma tapgyryndan üstünlikli geçdi.

Bu desga iki ýurduň biri-birine sepleşýän iki sany aýratyn goralýan tebigy çägini – Köýtendag döwlet tebigy goraghanasyny we Surhanderýa döwlet goraghanasyny öz içine alýar. Hödürnama resminamalary iki döwletiň degişli ugur boýunça bilermenleriniň bilelikdäki tagallalary bilen, Zukow halkara gaznasynyň maslahat beriş goldawy esasynda taýýarlanyldy.

Häzirki saýlama tapgyrynyň çäklerinde dünýäniň dürli künjeklerinden hödürlenen 60 sany arza seljerilip, olaryň diňe 35-si berk saýlama tapgyryndan geçmegi başardy. Şolaryň hatarynda Aşgabat bilen Daşkent tarapyndan bilelikde öňe sürlen taslama hem bar.

Indiki tapgyrda iki ýurduň hünärmenlerine ÝUNESKO-nyň maslahat beriş edaralary bilen tehniki meseleleri jikme-jik işläp taýýarlamak, şeýle hem goşmaça ylmy we maglumat beriji materiallary taýýarlamak wezipesi garaşýar. Bu desganyň abraýly sanawa girizilmegi diňe bir ikitaraplaýyn ekologik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň Köýtendag (Kugitang) dag gerşiniň seýrek duş gelýän geologik emele gelmelerine we özboluşly biodürlüligine bolan gyzyklanmasyny hem artdyrar diýlip garaşylýar.

Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda hödürlenen iki sany serhetüsti desga eýýäm hasaba alyndy. 2023-nji ýylda olaryň ikisine-de bu dereje berilip, olaryň biri uzynlygy 866 kilometre deň bolan “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan – Garagum geçelgesi” (Täjigistan bilen bilelikde hödürlenen) atly medeni ugur, beýlekisi bolsa “Aram guşaklygyň Turan çölleri” (Gazagystan bilen bilelikde hödürlenen) atly tebigy toplumy degişlidir.