TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASYNDA ÝEWROPA JEMGYÝETÇILIK HUKUK GURAMASYNYŇ UKRAINADAKY EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Ataýew Ýewropa Jemgyýetçilik Hukuk Guramasynyň (EPLO) Ukrainadaky edarasynyň ýolbaşçysy, professor, hukuk ylymlarynyň doktory Ýuriý Woloşin bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, pudagara gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem hukuk, ylym we bilim ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Ýuriý Woloşin Ilçini ştab-kwartirasy Gresiýanyň Afiny şäherinde ýerleşýän halkara hökümetara guramasy bolan ÝJHG-nyň esasy iş ugurlary bilen tanyşdyrdy. Guramanyň işi jemgyýetçilik hukugyny ösdürmäge, hukuk institutlaryny berkitmäge, halkara hyzmatdaşlygyna ýardam bermäge, şeýle hem ylym we bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
ÝJHG-nyň Ukrainadaky edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň döwlet edaralary, ylym we bilim edaralary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge, bilermenler derejesindäki gepleşikleri giňeltmäge, tejribe alyşmaga, şeýle hem dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.
Öz gezeginde, Ilçi T.Ataýew Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini, şeýle hyzmatdaşlyga ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, öňdebaryjy tejribe alyşmagyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gepleşikleri ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar geljekde özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar hem-de işewür gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.