TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «ITALIÝA WE MERKEZI AZIÝA: ÖZARA DÜŞÜNIŞMEGI, HYZMATDAŞLYGY WE ARKALAŞYGY BERKITMEK» ATLY HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Italiýanyň Rim şäherinde «Italiýa we Merkezi Aziýa: özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy we arkalaşygy berkitmek» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy.

Bu «Italiýa we Merkezi Aziýa» formatyndaky ilkinji duşuşyk bolup, ol sebitiň ýurtlarynyň we Italiýanyň hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň we ýollarynyň kesgitlenilmegi üçin giň mümkinçilikleri döreder. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan özarabähbitli esasda ösdürmek üçin iňňän uly mümkinçilikleri bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Öz çykyşynda türkmen diplomaty ýygnananlaryň ünsüni Itliýanyň biziň ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky iri hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny we şu maslahatyň öz nobatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Italýan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryna gadam basýandygyny we onuň sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça ulgamlaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna giň mümkinçilikleri açýandygyny aýratyn nygtady.   

Şeýle hem Italiýa iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň başlygynyň Italýan Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Manlio Di Stefano bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň diplomatlary özarabähbitli türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrulary boýunça ony hemmetaraplaýyn ösdürmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.