TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DOGLAN GÜNI MYNASYBETLI GUTLAGLARY KABUL EDÝÄR

2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 63 ýaşady. Bu Muhammet Pygamberiň ýaşydyr. Türkmen halkynyň asylly däplerine görä bu ýaşa ýetmek – belent mertebe bolup durýar. Şanly sene mynasybetli türkmen baştutanyna döwlet, hökümet we halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryndan gutlaglar we gutlag jaňlarynyň yzy üzülenok.  

Şunlukda özleriniň türkmen kärdeşlerini telefon arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, şeýle-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şafkat Mirziýoýew dagylar gutladylar. Şeýle-de, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý we Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli, öz gutlaglaryny iberdiler. Olar berk jan saglygyny, uzak ömür we türkmen döwletiniň hem-de halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Gutlaglaryň ählisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy parahatçylyk döredijilik işine, dünýä ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan ägirt uly goşandy aýratyn bellenilip geçildi.     

Şeýle-de türkmen döwletiniň Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow, Kawkaz musulmanlarynyň «Şeýh-Ul-Yslam» edarasynyň başlygy, GDA-nyň Dinara Geňeşiniň Bilelikde başlyklyk edijisi Allaşükür Paşazade, Yslam Ösüş Bankynyň geňeşçisi Mohammed Ali Al-Madani, Türkmen-Amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, şeýle-de «Grosshadern» german klinikasynyň professory, doktor Klaus Parhower dagylar hem telefon arkaly gutladylar. 

Olar Türkmenistanyň Prezidentine saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny, şeýle-de jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri we belentlikleri arzuw etdiler, şonuň ýaly-da ýer ýüzünde umumadamzat gymmatlyklarynyň ilerledilmeginde türkmen Lideriniň öňdebaryjy ornuny aýratyn nygtadylar.