TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlag hem-de hoşniýetli sözleri üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça aýratyn ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Baştutanynyň 4-5-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasyna bolan resmi saparynda ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gazanylan syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze sepgitlere çykmaga mümkinçilik berýän ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösüşini bellediler. Taraplar ägirt uly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary ösdürmegiň, hususan-da, ylym-bilim we medeni gatnaşyklary höweslendirmegiň, sport hem-de syýahatçylyk boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda iki ýurduň Baştutanlary Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar netijesinde mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda döwletlerimiziň we halklarymyzyň bähbidine çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.