SOŇKY HABARLAR
AŞGABAT ŞÄHERINDE UKRAIN KINOSYNYŇ HEPDELIGI GEÇIRILER
Aşgabat şäherinde 24-31-nji awgustda ukrain kinosynyň hepdeligi geçiriler. Onuň dowamynda tomaşaçylara ukrain halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrmak üçin dürli žanrlardaky dört film hödürlener. Ekranda Ukrainanyň dürli künjeklerinden “Toý mirasy” atly toý adatlary we däp-dessurlary barada dokumental film bilen açylar. Soňra “Fokster we Maks” atly maşgala filmi görkeziler. “Keramatly Nikolaýyň başdan geçirmeleri” atly filmde, ikinji synp okuwçysy Artýomyň we ýetginjek uýasynyň Ke...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WENGRIÝA IŞ SAPARY
2023-nji ýylyň 20-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş sapary bilen ugrady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýanyň Premýer-ministriniň çakylygy boýunça amala aşyrýan bu sapary netijeli döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup durýar. Häzir...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ ÝUNESKO-NYŇ AGZALYGYNA KABUL EDILMEGINIŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) goşulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşmakdan başlandy. Soňra “Türkmenistan -...
ÝEWGENIÝA ADAMOWA BILEN NURMUHAMMET ATAÝEWIŇ ÝUBILEÝ SERGILERI
Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň doglan gününiň 110 ýyllygyna we görnükli türkmen heýkeltaraşy Nurmuhammet Ataýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy. Ýewgeniýa Adamowany türkmen sungatynyň nusgawy suratkeşleriniň biri diýip atlandyryp bolar. Ol halkymyzyň milliligini kanwada ýerine ýetirendigi üçin özboluşly ukyba eýe boldy. Onuň suratlarynyň esasy gahrymanlary zenanlardyr. Olar sagymçylar, guş idedijiler, pagta ýygym...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ÝÖRITE WEKILI, BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 14-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwl...
BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ DUŞUŞYGY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 14-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň täze bellenen ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. R.Meredow BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny bu jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işiniň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaş...
«HAZAR DEŇZI – PARAHATÇYLYK WE DOSTLUK DEŇZI» ATLY MASLAHAT ÖZ IŞINI TAMAMLADY
12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda şanly sene – Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy. Myhmanhananyň eýwanynda ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýän sergi maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýere ýygnananlar Hazar goraghanasynyň tebigat muzeýin...