SOŇKY HABARLAR
WISE-PREMÝER M.MÄMMEDOWANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ITALIÝA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRÝAR
Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 4-7-nji iýuny aralygynda Rimde iş saparynda bolýar. Saparyň çäginde 5-nji iýunda Italiýanyň Medeniýet ministrliginiň binasynda Wise-premýer M.Mämmedowa Italiýa Respublikasynyň Medeniýet ministri Jennaro SanJuliano bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmen...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GRUZIN TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Tbiliside Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýokary derejede alnyp barylýandygy bellenip geçildi we iki ýurduň arasyndaky köpmaksatlaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi. Toparyň türkmen böleginiň başlygy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew we toparyň gruzin bölegin...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AHHG-NYŇ MÜDIRIÝETINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Duşenbe şäherinde Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.O.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli türkmen wekiliýeti Täjigistana sapar bilen geldi. Nobatdaky mejlise şonuň ýaly-da, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetleri, AHHG-...
KÖP SANLY GÖRKEZIJILER BOÝUNÇA KLASTER BARLAGYNYŇ 7-NJI TAPGYRYNA TAÝÝARLYK IŞLERI BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde köp sanly görkezijiler boýunça Klaster barlagynyň ýedinji tapgyryna (MICS-7) taýýarlyk işleri boýunça mejlis geçirildi, oňa Türkmenistan ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ÝUNISEF we UNFPA düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşykda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistanyň Klaster barlagynyň öňki tapgyrlaryna netijeli gatnaşmagyny nygtady. Mundan başga-da, Klaster barlagyndan alnan magluma...
Ukrainanyň Baltika-Gara deňiz ykdysady forumynyň başlygy bilen geçirilen duşuşyk barada
02.06.2023ý. Ilçihanada Ukrainanyň Baltika-Gara deňiz ykdysady forumynyň başlygy W.W.Makuha bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän Türkmenistanyň daşary ykdysady işjeňligini ösdürmek boýunça ileri tutulýan ugurlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen Baltika-Gara deňziniň ykdysady forumynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini, Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ýük dolanyşygynyň...
THE 2ND MEETING OF THE HEADS OF STATE OF CENTRAL ASIA AND THE PRESIDENT OF THE EUROPEAN COUNCIL WAS HELD
On June 2, 2023, in Cholpan-Ata, the Kyrgyz Republic, a high-level summit was held in the "CA - EU" format, which was attended by the Head of the European Council Charles Michel, the Presidents of Kazakhstan, Kyrgyzstan, Tajikistan and Uzbekistan, Deputy Chairman of the Cabinet of Ministers of Turkmenistan N.Amannepesov. During the meeting, the participants considered multilateral and mutually beneficial cooperation between the states of Central Asia and the EU. They reaffirmed their commitme...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýa...