SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÝHHG BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 1-njy iýunynda ýurdumyzyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi. Söhbetdeşler parlamentara dialogy işjeňleşdirmäge özara gyzyklan...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy. ÝHHG-niň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, oňyn syýasaty alyp barýan hem-de sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyryl...
AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ MERKEZINIŇ TÄZE BINASY AÇYLDY
Şu ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň täze binasy açyldy. Açylyş dabarasyna ÝHHG-nyň Baş sekretary, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. ÝHHG-nyň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran saparyna bagyşlanyp ÝHHG-nyň Merkeziniň täze bina...
AŞGABATDA TÜRKMEN-FIN DIM-ARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-fin gepleşikleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Finlýandiýa tarapyna Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň Baş müdiri Mariýa Elina Liiwala wekilçilik etdi. Duşuşyga Finlýandiýanyň Türkmenistandaky ilçi...
TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTANDAKY MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2023-nji ýylyň 31-nji maýy 3-nji iýuny aralygynda Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky medeniýet we sungat işgärlerinden, alymlardan, habarçylardan we talyp ýaşlardan düzülen türkmen wekiliýeti Ermenistana geldi. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Ermenistanyň Aram Haçaturýan konsertler zalynda geçirildi. Bu çärä Ermenistanyň döwlet edralarynyň ýolbaşçylary, ylmy toparlaryň...
THE TELEPHONE CONVERSATION BETWEEN THE PRESIDENT OF TURKMENISTAN AND THE SPECIAL PRESIDENTIAL ENVOY FOR CLIMATE OF THE UNITED STATES
On May 29, 2023, a telephone conversation took place between the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov and the Special presidential envoy for climate of the United States of America John Kerry. The Head of State and the Special presidential envoy for climate of the United States expressed satisfaction with the opportunity to discuss topical issues of environmental issues, which are given special attention on the international agenda. During the meeting, an exchange of views took...
ÝUNESKO-NYŇ BAŞ EDARASYNDA GURAMANYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINIŇ 216-NJY MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariždäky baş edarasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi strategiki kararlary kabul etmek we işine gözegçilik etmek üçin guramanyň esasy jogapkär düzümi bolup durýar. Ýerine ýetiriji geňeşiň bu mejlisinde ÝUNESKO-nyň mandaty we ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly dürli meselelere seredildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň wekilleri...