RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Sen

TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISI UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞDY

29.09.2025 senede Ukrainanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi jenap Toýly Ataýew Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Aleksandr Mişşenko bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlyga, şeýle hem iki ýurduň halkara guramalarynyň çäklerinde mundan beýläkki gatnaşyklaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, syýasy geňeşmeler baradaky teklipleri ara alyp...

DOWAMY
pic
26 Sen

27-NJI SENTÝABRDA TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYK GÜNÜNI BELLEÝÄR

Taryhy geçmişi müňýyllyklara uzaýan türkmen halky Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyny belleýär. Ýurdumyzyň garaşsyzlygy ähli ugurlarda üstünlikli döwlet gurmak we halky üçin has gowy geljegi döretmek üçin esasdyr we berk binýatdyr. Türkmenistan syýasy, ykdysady, peýdaly baýlyklary we adam mümkinçiliklerini netijeli peýdalanyp, jemgyýetçilik-ykdysady ösüş maksatlaryna ýetmek üçin yzygiderli öňe gitmegini dowam etdirýär. Ýurdumyz halkara platformalarynda, esasanam Birleşen M...

DOWAMY
pic
25 Sen

OGT 2025 TÜRKMEN TELEKEÇILERI ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLERI AÇAR

22–24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025” (OGT 2025) atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Bu ýylky forum ilkinji gezek 30 sany halkara kompaniýadan 100-den gowrak wekili bir ýere jemläp, türkmen bazarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we täze işewür mümkinçilikleri döretmek üçin möhüm meýdança bolar. Işewür gatnaşyklaryň ähmiýetini nazara alyp, guramaçylar sergi meýdançasynyň çaginde ýörite B2B zolagyny gurnadylar we emeli aň esasynda işleýän “Busin...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYKLY ÝAŞAÝYŞ BOÝUNÇA MERKEZI AZIÝA FORUMYNY GEÇIRMEGI TEKLIP ETDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” atly halkara forumy geçirmegi hem-de Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyny teklip etdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, parahatçylygyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy medeni-ruhy baglanşygyň saklanylmagy we häzirki döwrüň medeni ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. T...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ SIWILIZASIÝALARYŇ BILELEŞIGI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY MASLAHATLAŞDY

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen duşuşdy. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar medeniýetler we dinler arasyndaky dialogy ösdürmegiň, halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar. Türkmenistan BMG...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTAN 2026-NJY ÝYLDA HAZAR EKOLOGIÝA FORUMYNY GEÇIRMEGI TEKLIP ETDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda çykyş edip, 2026-njy ýylda sebitiň ekologiýa we klimat meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etjek Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi teklip etdi. Döwlet Baştutany çykyşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda teklip eden Hazar ekologiýa başlangyjynyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigini we bu ugurda ähli çäreleriň BMG-ni...

DOWAMY
pic
25 Sen

TÜRKMENISTAN 2028-NJI ÝYLY «HALKARA HUKUGYŇ ÝYLY» DIÝIP YGLAN ETMEGI TEKLIP ETDI

Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip edýär. Bu başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda öňe sürdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara hukugyň ileri tutulmagy hem-de halkara işlerde BMG-niň eýeleýän merkezi ornunyň güýçlendirilmegi ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär. Bu başlangyç halkara hukugyň durnuklylygyny pugtalandyrmakda, BMG-niň Tertipnamasyna ileri tutulmagyny üpjün etmekde onuň ornuna ün...

DOWAMY