RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DOHADA KATARYŇ DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýekşenbe güni Dohada Kataryň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Mariam bint Ali bin Naser Al-Misnad bilen duşuşdy. Kataryň resmi habar gullugy QNA-nyň habar bermegine görä, gepleşikler Dohada geçirilýän nobatdan daşary Arap-Yslam sammitiniň öňüsyrasynda Daşary işler ministrleriniň taýýarlyk maslahatynyň çäklerinde geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Kataryň a...

DOWAMY
pic
11 Sen

DAŞOGUZ WELAÝATYNDA TÄZE BITARAPLYK ŞÄHERÇESI AÇYLDY

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde häzirki zaman şähergurluşyk talaplaryna laýyk gurlan täze  Bitaraplyk şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Täze şäherçäniň açylyşy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşanlara gutlady. “Bu gün Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly açylýan täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesi hem ýurdumyzyň depginli ösüşleriniň özboluşly beýany bolup durýar”- diýip...

DOWAMY
pic
10 Sen

AHAL WELAÝATYNYŇ AK BUGDAÝ ETRABYNDA TÄZE “DÖWLETLI MEKAN” OBASY AÇYLDY

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde sişenbe güni täze, döwrebap “Döwletli Mekan” obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Täze obada 400 ýaşaýyş jaýy, geňeşligiň edara binasy, saglyk öýi, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy hem-de satuw merkezi ýerleşýär. Ilat...

DOWAMY
pic
9 Sen

TÜRKMENISTAN WE ÝHHG ADAM HUKUKLARYNY GORAMAK BOÝUNÇA TEJRIBE ALYŞMAGY DOWAM ETDIRMEGIŇ MÖHÜMDIGINI BELLEDILER

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Finlýandiýanyň ÝHHG-däki Ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň başynda R.Meredow hanym Teri Hakala konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we Finlýandiýanyň ÝHHG-niň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdaky ornuny aýratyn belledi. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar syýasy, ykdysady-ekologik we...

DOWAMY
pic
8 Sen

TÜRKMENISTANYŇ YNSANPERWERLIK KÖMEGI HÖKMÜNDE IBEREN ÝÜKLERI OWGANYSTANA ELTILDI

05.09.2025ý. senede Aşgabat Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna dokma, azyk önümleri, şeýle hem egin-eşikler hem-de durmuşda zerur bolan beýleki önümler ynsanperwerlik kömegi hökmünde ugradyldy. Olar Gurbanguly Berd...

DOWAMY
pic
8 Sen

BMG-NIŇ EDARALARY TÜRKMENISTAN ÜÇIN 2026–2030-NJY ÝYLLAR BOÝUNÇA MAKSATNAMALARYNY TASSYKLADYLAR

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Ilat gaznasynyň (UNFPA) we Çagalar gaznasynyň (UNICEF) ýerine ýetiriji geňeşleri Türkmenistan üçin 2026–2030-njy ýyllar boýunça ýurt maksatnamalaryny tassykladylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň şenbe güni habar bermegine görä, bu maksatnamalaryň konsepsiýasy türkmen tarapy bilen bilelikde taýýarlanyldy. Resminamalara laýyklykda, geljek bäş ýylyň dowamynda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda d...

DOWAMY
pic
4 Sen

AWAZA — TIF 2025 MAÝA FORUMYNYŇ GEÇIRILJEK MEÝDANÇASYNA ÖWRÜLER

TIF 2025 — Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň guramaçylyk komiteti bu forumyň geçiriljek ýeriniň üýtgedilendigini resmi taýdan habar berdi. Forum häzirki zaman şertlerine laýyk enjamlaşdyrylan, Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçiriler. Forumyň guramaçylary daşary ýurtly myhmanlaryň rahatlygyny üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleri döretdiler. 17-19-njy sentýabrda Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawy guralar. Şeýle hem m...

DOWAMY