RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Sen

AŞGABATDA HALKARA SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER UNIWERSITETI AÇYLDY

Türkmenistanynyň paýtagty Aşgabatda duşenbe güni Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Täze bilim ojagynyň açylyş dabarasyna Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Täze uniwersitet “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Uniwersitetiň binalar toplumy 9 gatly baş binany, 4 sany okuw binasyny, 2 sany her biri 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny, mejlisler zalyny, kitap...

DOWAMY
pic
1 Sen

SERDAR BERDIMUHAMMEDOW TÜRKMENISTANLYLARY BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI BILEN GUTLADY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow Bilimler we Talyp ýaşlar güni hem-de 2025–2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli mugallymlary, talyplary we mekdep okuwçylaryny gutlady. Döwlet Baştutany öz ýüzlenmesinde täze okuw ýylynyň dowamynda Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň hem-de umumy ýaşaýyş jaýynyň, paýtagtda, obadyr şäherlerde bolsa täze orta mekdeple...

DOWAMY
pic
1 Sen

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 80-NJI SESSIÝASYNA DEGIŞLI GARAÝYŞLARYNY BEÝAN ETDI

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna taýýarlyk işlerini dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary esasynda ýokarda agzalan sessiýa öňümizdäki syýasy ýyl üçin Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri anna güni sanly ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berdi....

DOWAMY
pic
29 Awg

«CIET 2025» HALKARA MASLAHATYNA HASABA ALYNYLYP BAŞLADY

Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat ýene-de bir gezek halkara ünsi özüne çeker, bu ýerde köpden bäri garaşylýan pudagara innowasiýalar, maýa goýumlary we hyzmatdaşlyk babatda ýurdumyzyň öňdebaryjy çäresi «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» («CIET 2025») atly halkara maslahaty geçiriler. 3 – 5-nji noýabrda Aşgabatda ilkinji gezek geçirilen «CIET 2024» halkara maslahaty örän uly täsir galdyrdy: 450-den gowrak wekiller, 50-den gowrak çykyş edijiler we 400 gatnaşy...

DOWAMY
pic
29 Awg

GUTERRIŞ TÜRKMENISTANA LLDC3 MASLAHATYNY ÝOKARY DEREJEDE GURANANDYGY ÜÇIN MINNETDARLYK BILDIRDI

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýollan hatynda, 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny (LLDC3) ýokary derejede guranandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Guterriş Türkmenistanyň parahatçylykly ösüşe, bitaraplyga we köptaraplaýyn dialoga esaslanýan yzygiderli daşary syýasatynyň halkara forumynyň üstünlikli geçirilm...

DOWAMY
pic
27 Awg

MOLDOWA RESPUBLIKASY GARAŞSYZLYK GÜNÜNI BELLEÝÄR

Şu gün, 27-nji awgustda Moldowa Respublikasy ýurt Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň 34 ýyllygyny belleýär. Garaşsyzlyk gününi bellemek – häzirki zaman, demokratik, asuda we garaşsyz döwlet gurýan Moldowanyň halkynyň durmuşynda aýratyn möhüm waka bolup durýar. Halk gülläp ösýän ýurdy gurmakda birleşip, geçmişi, köp asyrlyk däp-dessurlaryny, watanynyň gazananlaryny hormatlaýar we ýagty geljege tarap tutanýerlilik bilen hereket edýär. Moldowanyň dostlukly halkyny bu möhüm baýramçylyk bilen gu...

DOWAMY
pic
26 Awg

AŞGABATDA TOPH GAZ GEÇIRIJI TASLAMASYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

25-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň hem-de Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň gatnaşmagynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, hyzmatdaşlyg...

DOWAMY