TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ 54-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň 54-nji mejlisine we Assambleýanyň çäklerinde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde saparda boldy. Assambleýanyň umumy mejlisini GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň...
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» halkara maslahaty geçirilýär
Düýn günüň ikinji ýarymynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022» halkara maslahaty öz işine başlady. Forumyň birinji gününde «Energiýanyň geljegi: täze howplar we mümkinçilikler» atly mowzukdaky umumy mejlisde we birinji mejlisde 15-den gowrak çykyş diňlenildi. «Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, forumda edilen çykyşlarda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, buraw gurmak, önümçiligi höweslendirmek, sanly tehnologiýalar, gaýtadan dikeldilýän çeşmeler, wodorod tehnologi...
TÜRKMEN WEKILIÝETI «MERKEZI AZIÝA - KOREÝA RESPUBLIKASY» IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ 3-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» formatynyň Işewürler geňeşiniň nobatdaky 3-nji mejlisine gatnaşdy. Bu mejlise şeýle hem, Koreýanyň halkara söwda Assosiasiýasynyň (KITA), Koreýanyň importýorlarynyň Assosiasiýasynyň (KOIMA), Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Söwda-sena...
Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň täze ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Ilki bilen, diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Gruziýanyň Prezidentiniň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Gruziýa Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna ýokary baha berýä...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE COP26-NYŇ SEBITLEÝIN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Aşgabada Howa boýunça ýaşlaryň maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen gelen COP26-nyň Ýewropada, Merkezi Aziýada, Türkiýede we Eýranda sebitleýin Ilçisi Dewid Moran bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy ugurlarynda netijeli halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdyla...
Serdar Berdimuhamedow Rişi Sunaky Premýer-ministr wezipesine girişmegi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan jenap Rişi Sunaka Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. — Biz Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belleýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tag...
Si Szinpin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirýär
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk hatlary gelip gowuşdy. Dostlukly döwletiň ýolbaşçysy öz hatlarynda Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilmeginiň 73 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatlary üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa, Halk Maslahatynyň Başlygy...