RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Dek

TÜRKMENISTANDA SIERRA-LEONE RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Sierra-Leone Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran şäheri) Alie Badara Kamaradan ynanç hatyny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtal...

DOWAMY
pic
8 Dek

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ AZERBAÝJANYŇ MILLI MEJLISINIŇ BAŞLYGY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy. Hormatly Arkadagymyz Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp hem-de Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bild...

DOWAMY
pic
8 Dek

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINDÄKI DUŞUŞYKDA AZERBAÝJANYŇ PARLAMENTI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde sapar bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň ýolbaşçylyk edýän Azerbaýjanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa azerbaýjanly kärdeşlerini mähirli mübärekläp, myhmanlary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda geçýän şu duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Kom...

DOWAMY
pic
8 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ MILLI MEJLISINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de öz kärdeşine we ähli türkmen halkyna tüýs ýü...

DOWAMY
pic
6 Dek

BAKUDA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYGYNY BERKITMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjana iş sapary bilen bardy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Raşid Meredow azerbaýjan liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuh...

DOWAMY
pic
6 Dek

AŞGABATDA TÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.  «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc...

DOWAMY
pic
6 Dek

MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYTÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň barşynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyny geçirmek maksady bilen, amerikan telekeçileriniň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen myhmany mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz...

DOWAMY