RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Ýan

KANADANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Kristofer Dagganyň (oturýan ýeri Astana şäheri) arasynda duşuşyk geçirdi. Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. A.Gurbanow diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-dip...

DOWAMY
pic
21 Ýan

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERINIŇ MONAKO KNÝAZLYGYNA SAPARY AMALA AŞYRYLDY

2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyz ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, şu ýyl Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýandygyny, şoňa görä, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr eýel...

DOWAMY
pic
18 Ýan

TÜRKMENISTAN ÝEWROPA BILELEŞIGI BILEN HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRÝÄR

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýewropa Bileleşigi hem-de oňa agza ýurtlar bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gatnaşyklaryň çäklerinde anyk çäreler görülýär.  Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuha...

DOWAMY
pic
18 Ýan

BMG-NIŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNA BADALGA BERMEK DABARASY GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisler zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan guralan bu çärä BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtady. Şu ýyl ýurdumyz 1995-nji we 2015-nji ýyllarda BMG-niň Ba...

DOWAMY
pic
16 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN GÜN TERTIBINIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2025-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary halka...

DOWAMY
pic
15 Ýan

TÜRKMENISTAN WE HYTAÝ HEMMETARAPLAÝYN STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGI MAKSAT EDINÝÄRLER

2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler Ministriniň kömekçisi Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hemmetaraplaýyn strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan netijeli ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garadylar. Iki döwletiň baştutanlarynyň arasynda emele gelen ynanyşmagyň hem-de dostlugyň ýokary derejesi döwletara gatnaşyklary ö...

DOWAMY
pic
15 Ýan

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Bin wekilçilik etdi. Geňeşmeleriň barşynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy nazara alm...

DOWAMY