img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi. Nygta...

DOWAMY
pic
7 Noý

Türkmenistan Haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi

06.11.2025 ý. türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, goňşy ýurda Gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Mälim bolşy ýaly, kabul edilen ynsanperwer çözgütden ugur alnyp, Owganystana derman hem-de saglygy goraýyş maksatly se...

DOWAMY
pic
7 Noý

Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler

6-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýe...

DOWAMY
pic
7 Noý

Ak tamda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň duşuşygy geçirildi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp penşenbe güni Ak tamda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri bilen “Merkezi Aziýa + ABŞ” (C5+1) ikinji sammitiniň çäklerinde resmi agşamlygyny geçirdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy. Sammit we agşamlyk nahary “C5+1” formatynyň ösüşinde täze tapgyryň baş...

DOWAMY
pic
6 Noý

ÝUNESKO 15-nji dekabry “Bütindünýä türki dil maşgalasy güni” hökmünde yglan etdi

Samarkantda geçirilýän ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynda ähmiýetli karar kabul edildi: 15-nji dekabr resmi taýdan Bütindünýä türk diller maşgalasynyň güni diýlip yglan edildi. Bu her ýyl bellenilýän baýramçylyk, türki dilli halklaryň dil, medeni we taryhy bitewüliginiň ykrar edilmeginiň halkara nyşanyna öwrüler. Bu senäni döretmek başlangyjy Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan öňe sürüldi. Karar giň goldawa eýe boldy; resminamanyň awtordaşlary hökmünde Aze...

DOWAMY
pic
6 Noý

ABŞ-da “C5+1” ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda kabul edişlik geçirildi

ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde çarşenbe güni Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Benjamin Franklin adyndaky zalda geçirilen çäre Waşingtonda geçirilýän "C5+1" görnüşindäki duşuşygyň çägindäki esasy wakalaryň biri boldy. Çäräniň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau, Senatyň Halkara gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Jeýms Riş, ABŞ-nyň Prezidentiniň...

DOWAMY
pic
5 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — ABŞ» sammitine gatnaşmak üçin Waşingtona geldi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherine bardy.  «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, döwletleriň arasynda ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak boýunça tagallalary birleşdirmäge, bu ugurlarda täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýakyndan ýar...

DOWAMY