TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI
2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Döwlet Baştutanymyza we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň...
BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY BILEN TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ BILELIKDÄKI ÇÄRELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada ilkinji gezek sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdiril...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ IŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2025-nji ýylyň 23-nji fewralynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi. Mejlise degişli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BAE-NIŇ WISE-PREZIDENTI, PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞDY
2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Goranmak minis...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BAE-NIŇ WISE-PREZIDENTI, PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞDY
2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekledi. Milli Liderimiz we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirl...
21-NJI FEWRALDA TUTUŞ DÜNÝÄDA HALKARA ENE DILI GÜNI BELLENILÝÄR
Türkmen dili iň gadymy türk dillerinden biridir. Muňa ýazuw ýadygärlikleriň köpüsi şaýatlyk edýär. Türkmen edebiýatynyň ajaýyp eserleriniň hatarynda “Görogly” we “Gorkut ata” eposlarynyň bolup, olar diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem Gündogaryň beýleki halklarynyň hem bahasyna ýetip bolmajak hazynasy öwrülipdir. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde aýratyn orun tutýan türkmen dilinde diňe türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlary däl, eýsem uzak Müsürde ýaşan şahyr Saif Saraý hem ýazylypdyr. A...
AŞGABATDA «AK KEPDERI – PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISI» ATLY DÖREDIJILIK SERGISI ÝAÝBAŇLANDYRYLDY
Şu gün ýurdumyzyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» atly döredijilik sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ýokary okuw mekdebiniň zehinli talyplarynyň döredijiliginden ybarat bolan sergi Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraldy. Sergide Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyplarynyň parahatçylyga, ynsanperwer ýörelgelere bagyşlanan eser...