TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
«ITALIÝADA ÖNDÜRILEN» ATLY TÜRKMEN-ITALÝAN BILELIKDÄKI MODA GÖRKEZILIŞI GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda italýan dizaýnerleri Gloriýa Trewizianiniň hem-de Klaudia Bellininiň, şeýle hem akademiýanyň talyby Jennet Agaýewanyň lybaslar toplumynyň moda görkezilişi geçirildi. Gloriýa Trewiziani we Klaudia Bellini öz lybaslar toplumyny türkmen milli lybaslary bilen utgaşdyrypdyrlar, türkmen milli şaý-sepleri we keşdeleri ulanypdyrlar. Çäräniň açylyş dabarasynda Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferra...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GÜNORTA GAZ GEÇELGESINIŇ MASLAHAT BERIŞ GEŇEŞINIŇ ÇÄGINDÄKI 11-NJI MINISTRLER MEJLISINE GATNAŞDY
2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Baku şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki 11-nji ministrler mejlisine gatnaşdy. Çykyş edenler Günorta gaz geçelgesiniň häzirki ählumumy geosyýasy şertlerinde Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Mundan başga-da, «Trans Adriatik» turbageçirijisi arkaly gaz üpjünçiliginiň mukdaryny artdyrmak, şeýle hem Ýewropa käbir ýurtlaryna – Günorta-Gündogar we Merkez...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI GIŇDEN BELLENILDI
Türkmenistanda dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Esasy baýramçylyk dabaralary we köpçülikleýin welosipedli ýöriş Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Aşgabatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga alyp, şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Arkadag şäherinde, ýurduň ähli welaýa...
UKRAINADAKY TÜRKMEN ÝAŞLARY BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNÜNI BELLEDILER
Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän sport we saglyk çäresine gatnaşdylar. Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we medeni-köpçülikleýin çäreleriň dowam edýän günlerinde, Ukrainadaky türkmen ýaşlary sport hereketine işjeň we höwes bilen gatnaşyp, yzygiderli bedenterbiýe hereketleriniň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhümdigini görkezdiler. Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenista...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «MERKEZI AZIÝA – ÝEWROPA BILELEŞIGI» GÖRNÜŞINDÄKI BIRINJI SAMMITE WE SAMARKANT HALKARA KLIMAT FORUMYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
04.04.2025ý. senede Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda geçirilýän «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň mejlisinde Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda, energetika, ulag hem-de söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilik...
PREZIDENT SERDAR BERDIMUHAMEDOW "MERKEZI AZIÝA - ÝEWROPA BILELEŞIGI" SAMMINITIŇ ÇÄKLERINDE DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
03.04.2025ý. senede «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy bilen gözel Samarkant şäherinde duşuşmaga şatdygyny aýdyp, bu ýokary derejeli Sammitiň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Söhbetdeşler Sammitiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptarapl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY
03.04.2025ý. senede «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Samarkantda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda ynanyşmagyň we özara goldawyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň giň ugurlarda, şol sanda oba hojalygynda, elektrik energetikasynda, nebitgaz toplumynda, himi...