TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ DÖWLET SEKRETARY BILEN IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELESINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
03.04.2025ý. senede Türkmenistanyň Ukrainadaky we Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi Toýly Ataýewiň Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Sergeý Mihow bilen duşuşygy geçirildi. Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda geçirilen duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini, syýasy gepleşikleri işjeňleşdirmek, şeýle hem hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri, şol sanda daşary syýasat, ykdysadyýet, söwda, ylmy we bilim, ynsanperwer, medeni...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY WE MOLDOWA RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISINIŇ MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ IÇERI IŞLER MINISTRLIGINIŇ MIGRASIÝA BOÝUNÇA BAŞ INSPEKTORATYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY BARADA
02.04.2025ý. senede Kişinýow şäherinde gulluk iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Ukrainadaky we Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi Toýly Ataýewiň Moldowa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa boýunça baş inspektoratynyň ýolbaşçysy Waletin Fýodorow hem-de bu edaranyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlarynyň Moldowa Respublikasynyň çäginden üstaşyr geçmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçihana Inspektoratyň ýolba...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISI TOÝLY ATAÝEW MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENTINDE DUŞUŞYK GEÇIRDI
02.04.2025ý. senede Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň edara binasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky we Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýewiň Parlamentiň Daşary syýasat we ýewrointegrasiýa boýunça Komitetiniň ýolbaşçysy Ina Koşeru bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy, parlamentara dostluk toparlarynyň işjeňligniň häzirki ýagdaýy we gelejegi boýunça mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi T.A...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY WE MOLDOWA RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇY DÜZÜMI BILEN IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
02.04.2025ý. senede Moldowa Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky we Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi Toýly Ataýewiň bu edaranyň Prezidenti Sergeý Harýa we wise-prezidenti Mihaý Bylba bilen duşuşygy geçirildi. Türkmen Ilçisiniň Kişinýow şäherine gulluk iş saparynyň çäklerinde geçiren bu duşuşygynyň dowamynda taraplaryň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munda geljegi uly we işewür toparlaryň ara...
Türkmenistanyň Prezidenti halkyny Mukaddes Oraza baýramy bilen gutlady
Gutlaglarynda: «Mukaddes Oraza baýramy ynsanperwerligi we hoşniýetliligi ündeýän, döwürleriň we halklaryň arabaglanyşygyny, ruhy sagdynlygyny üpjün edip gelýän dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biridir. Bu ajaýyp baýramyň gadymy köklerinde we ýörelgelerinde, many-mazmunynda ynsanyýetiň medeni-ruhy ösüşine ummasyz goşant goşan türkmen halkynyň ynanç-adatlary, däp-dessurlary hem-de köpöwüşginli medeni gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Adamzadyň belent parahatçylyk we ynanyşmak däplerini dabaralandy...
Türkmen uçurymy B.Halymowyň ýeňişi barada
29.03.2025 senede Ukrainanyň Kiýew şäherinde MMA-nyň garyşyk başa-baş göreş sungaty boýunça “WWFC 24” halkara professional türgenleriň tutluşygy geçirildi. Bu ýaryş WWFC (World Warriors Fighting Championship) ligasynyň täze möwsüminiň bir bölegi hökmünde dowam etdi. Oňa Türkmenistanly, Ukrainaly, Moldowaly we Azerbaýjanly MMA söweşijileri öz başarnyklaryny görkezdiler. Tutluşyk “Kiýewstar” teleýaýlymynda göni efirde berildi. Agzalan tutluşyga Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňe...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekilini kabul etdi
27.03.2025 ý. hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasy kabul etdi. Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekili özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi. Şeýle hem myhman Aşga...