img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Iýun

Medeniýet hepdeligi — 2020: dördünji gün

Daşoguz welaýatynda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky güni hem köp öwüşginli çärelere baý boldy. Oňa gatnaşyjylar üçin şol gün S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Altyn ýol» geňeşliginiň döwrebap oba medeniýet öýünde usuly maslahat guraldy. Onda, esasan hem, milli tansy we folklor sungatyny öwrenmek hem-de oba medeniýet öýleriniň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli medeni mirasy öwrenmek, ony dünýäde...

DOWAMY
pic
25 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE MÜSÜRIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Müsür Arap Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Şukriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Diplomatlar türkmen-müsür gatnaşyklary bilen bagly birnäçe derwaýys meselelere garadylar. Syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesi hem-de halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşygyň oňyn tejribesi bellenildi.  Kärdeşler ýakyn geljekde iki ýurduň daşary işler ministrliklerin...

DOWAMY
pic
25 Iýun

HÄZIRKI WAGTDA DAŞARY ÝURTDA BOLÝAN TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLARY ÜÇIN MAGLUMAT

Türkmenistanyň raýaty öz şahsyýetini tassyklaýan resminamany ýitiren, ogurlanan, ulanyp bolmajak derejede zaýalanan ýa-da onuň möhleti dolan, şeýle hem daşary ýurt döwletinde Türkmenistanyň raýatlygyna degişli bolan çaganyň doglan halatlarynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan oňa Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama resmileşdirilýär. Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň özlerine bagly bolm...

DOWAMY
pic
25 Iýun

«TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI» BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI ONLAÝN GÖRNÜŞINDE GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 19-njy mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu duşuşukda Türkmenistana birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri wekilçilik etdiler. ÝB-niň tarapyndan, mejlise Ýewropa w...

DOWAMY
pic
24 Iýun

SÖWDA, YKDYSADY, YLMY WE TEHNOLOGIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary, hususan-da ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklary gazandylar. Sö...

DOWAMY
pic
24 Iýun

Medeniýet hepdeligi — 2020: üçünji gün

Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligine gabatlanyp geçirilýän çäreler dowam edýär. Neşirýat önümleriniň sergisiniň açylmagy, degişli ylmy-maslahat, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsert hepdeligiň üçünji gününiň esasy wakalary boldy. Welaýat kitaphanasynyň binasynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň w...

DOWAMY
pic
23 Iýun

Medeniýet hepdeligi — 2020: ikinji gün

Şu gün Daşoguz welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynyň çäklerinde döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň täsin binagärlik we arheologik ýadygärliklere baryp görmegi göz öňünde tutuldy. Şolaryň ençemesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça olary goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça geçirilýän çäreleriň...

DOWAMY