img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDATELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Birek-biregi Gurban baýramy bilen gutlap, iki dostlukly goňşy döwletleriň Baştutanlary türkmen we eýran halklaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler. Bellenilişi ýaly, dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, ýakyn goňşulary bilen dostlukly we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gat...

DOWAMY
pic
29 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2020-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, döwletara hyzmatdaşlygyň örän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Netijeli gepleşikleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň ýolbaşçylygyna türkmen-koreý gatnaşykl...

DOWAMY
pic
29 Iýul

Türkmenistan — BMG-niň Çagalar gaznasy: ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wideogörnüş arkaly geçiren iki günlük maslahatynda BMG-niň çaganyň hukuklary boýunça komitetine nobatdaky Milli çykyşynyň taýýarlanylmagyna goldaw bermek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Onuň işine Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmek babatda Pudagara toparynyň bilermenler iş toparynyň düzümine girýän ministrlikleriň, döwlet hem-de jemgyýetçilik edaralary...

DOWAMY
pic
28 Iýul

AWSTRIÝANYŇ IMC KREMS AMALY YLYMLAR UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Awstriýa Respublikasynyň IMC Krems amaly ylymlar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Halkara okuw-ylmy merkeziniň wekilleri gatnaşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary barada pikir alyşdylar. IMC Krems amaly ylyml...

DOWAMY
pic
28 Iýul

AŞGABATDA BSG WE ÝUNISEF- IŇ KHBS-RI ÜÇIN PANDEMIÝANYŇ ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI BOÝUNÇA NETIJELI MAGLUMAT ALYŞ-ÇALŞYGYNY ÜPJÜN ETMEK BARADA BILELIKDÄKI BRIFINGI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Aşgabatda BSG we ÝUNISEF-iň KHBS-ri üçin pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri boýunça netijeli maglumat alyş-çalşygny üpjün etmek barada wideokonferensiýa görnüşinde bilelikdäki brifing geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurtda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar. Wideokonferensiýanyň başynda giriş sözi bilen, BSG-niň ýurt...

DOWAMY
pic
27 Iýul

METBUGAT-RELIZI

2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda “Mir” Döwletara teleradiokompaniýasynyň ýaýlymy boýunça onuň Täjigistan Respublikasyndaky habarçysy Azamat Ziýaýewiň habary ýaýlyma göýberildi, onda hususan-da ýakyn günlerde Täjigistanda garaşylýan yssy howanyň sebäbiniň Eýrandan gelip, Türkmenistanyň üsti bilen geçen yssy howa akymynyň bolup durýandygyny habar berýän maglumat beýan edilýär. Türkmen tarapy beýle habary hünär taýdan sowatsyzlyk diýip hasaplaýar we Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň gidromet...

DOWAMY
pic
26 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE BAHREÝNIŇ PATYŞASY HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI ÖSÜŞ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.    Birek-birege mähirli sözleri aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary hem-de halkara syýasatyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçilige hoşallyk bildirdiler.   Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy bi...

DOWAMY