SOŇKY HABARLAR
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ HALKARA HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýneniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki başlangyçlaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine garaldy. Hazarüsti ulag geçelgesiniň Utgaşdyryjy platformasynyň (TMTM) işe goýberil...
TÜRKMEN TALYBY JIU-JITSU SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA UKRAINANYŇ KUBOGYNA MYNASYP BOLDY
Merkeziukrain Milli tehniki uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň raýaty Rustam Rahmankulow şu ýylyň 27-29-njy sentýabr aralygynda Ukrainanyň Günbatar sebitinde ýerleşýän Karpat diýen ýerinde geçirilen Jiu-Jitsu söweş sungaty boýunça Ukrainanyň kubogynda 1-nji baýraykly orna mynasyp bolup, altyn medal gazandy. R.Rahmankulow 63 kilograma çenli agram derejesinde ajaýyp söweş tilsimlerini görkezdi we çempionatda Türkmenistanyň adyndan çykyş edip, “Ýakyn galtaşma” (Close-Contact) kategoriýasynda...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPONIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti boýunça ýörite wekili Isikawa Masakiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar yzygiderli ýokary derejedäki syýasy dialoga esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler. Şunuň bilen baglylykda sebitleýin we halkara düzümleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňelt...
НА ПОЛЯХ ГЕНАССАМБЛЕИ ООН ОБСУЖДЕНЫ ПЕРСПЕКТИВЫ РАЗВИТИЯ СОТРУДНИЧЕСТВА МЕЖДУ ТУРКМЕНИСТАНОМ И НИКАРАГУА
30 сентября 2024 года в Нью-Йорке прошла встреча Министра иностранных дел Рашида Мередова с Министром иностранных дел Республики Никарагуа Вальдраком Людвигом Витакером. В ходе встречи стороны рассмотрели уровень двусторонних связей между Туркменистаном и Никарагуа. Озвучена целесообразность налаживания механизма политических консультаций между внешнеполитическими ведомствами двух стран. Стороны отметили значимость организации взаимных визитов на соответствующем уровне для продвижения ме...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GRUZIN DILINDÄKI GOŞGULAR ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, edebiýatşynaslar, alymlar, žurnalistler, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler beýik...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE USAID-IŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anžali Kauryň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitleýin we milli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysady ösüş, metan zyňyndyla...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «JOHN DEERE» KOMPANIÝASYNYŇ WEKILINI KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly senesi mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Ç.Leýko öz wekilçilik edýän kompaniýasynyň Türkmeni...