TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-AWSTRIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, awstriýa tarapyna Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça Baş direktorynyň orunbasary, Russiýa, Gündogar Ýewropa we Günorta Kawkaz, Gündogar hyzmatdaşlygy, Türkiýe we Merkezi Aziýa, A...
«HAZAR DEŇZI – GARA DEŇIZ» HALKARA ÜSTAŞYR WE ULAG GEÇELGESI BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dörttaraplaýyn iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, ulag ulgamy boýunça jogapkär ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. D...
TÜRKMENISTANDA GWATEMALA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gwatemala Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Eduardo Enrike Ernandes Resinosdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Diploma...
GWATEMALA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Eduardo Enrike Ernandes Resinosyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. A.Gurbanow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge t...
«ARKADAGLY ÝAŞLAR» ŽURNALYNYŇ 2025-NJI ÝYLDAKI ILKINJI SANY OKYJYLARA ÝETIRILDI
Türkmen okyjylarynyň ýaş nesli eýýäm iki ýyldan bäri özleri üçin çap edilip gelinýän neşiriň ― «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň her aýda täze sany sany bilen tanşyp gelýärler. Žurnalyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky ilkinji, umumylykda bolsa 25-nji sany «Magtymgulynyň edebi mirasynyň çuňňur beýany» atly makala bilen açylýar. Edil şol sahypalarda ýerleşdirilen «Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!» atly makala bolsa üstümizdäki ýyla bagyşlanýar. Ýaňy bir ilkinji...
TÜRKMENISTAN ÇAGA HUKUKLARYNA GÖZEGÇILIK ETMEK ÜÇIN MAGLUMAT ÝYGNAMAK ULGAMYNY GÜÝÇLENDIRÝÄR
BMG-niň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde çaga hukuklary babatynda syýasaty işläp düzmekde maglumatlary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça iki hepdelik okuw geçirdi. «Döwlet dolandyryşy üçin mümkinçilikleri güýçlendirmek: çaga hukuklaryna gözegçilik etmek, baha bermek we seljermek» atly okuwyň maksady karar kabul edýän esasy şahslara, şol sanda parlamentiň, ministrlikleriň, müdirlikleriň we ylmy toparlaryň wekillerine...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ASTANADA GEÇIRILEN ÝOKARY DEREJEDÄKI DUŞUŞYGA GATNAŞDY
2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine çenli 5 ýyl: Merkezi Aziýanyň geljegi» atly ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda gender deňligi...