RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Awg

«FRONTIER WORKS ORGANIZATION» KOMPANIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2024-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistanyň «Frontier Works Organization» kompaniýasynyň prezidenti we baş inženeri Kaşif Nazir bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşykda taraplar şäher gurluşygy, ýol-ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak we suwaryş ulgamlaryny gurmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara...

DOWAMY
pic
22 Awg

KIÝEWDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOŞGULARYNYŇ ÇEPER OKALYŞY GEÇIRILDI

Ýubileý ýylynyň awgust aýynda Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okalyşy geçirildi. Gündogaryň beýik akyldary we görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan Ukrainada bilim alýan türkmen talyp ýaşlarynyň, häzirki zaman ukrain öwrenijileriniň we şahyryň goşgularynyň terjimeçileriniň gatnaşmaklarynda çäre geçirildi. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna goşulan şahyryň goşgulary Magtymgulynyň Kiýew ş...

DOWAMY
pic
20 Awg

ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN BOLAN DUŞUŞYK BARADA

2024-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rudyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň möhüm taraplary we wajyp ugurlary dogrusynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowa...

DOWAMY
pic
17 Awg

ÜÇÜNJI «ÄHLUMUMY GÜNORTANYŇ SESI» SAMMITI GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanow Hindistan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan wirtual görnüşde guralan üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammitiniň ministrler mejlisine gatnaşdy. Dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň wekillerini jemlän sammitiň umumy temasy «Durnukly gelejek ugrunda Ählumumy Günortanyň mümkinçiliklerini giňeltmek» boldy. Çäräniň maksady özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ösüp barýan ýurtlaryň derw...

DOWAMY
pic
14 Awg

AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOŞGULARYNYŇ LABYZLY OKALYŞ GÜNLERI

Magtymguly Pyragynyň goşgulary dünýäniň dürli dillerinde okalýar. Meşhur türkmen şahyrynyň we akyldarynyň 300 ýyllygyny bellenýan ýylynda, şahyryň goşgularynyň watan we müdümi gymmatlyklar, mähir we adamsöýüjilik hakda çuňňur pikirler bilen doldurylandygy üçin has täsirli we dabaraly ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini meşhur ukrain öwrenijiler we türkmen ýaşlary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy şahyryň goşgularyny çepere okamak günlerini açyk diýip yglan edilý...

DOWAMY
pic
14 Awg

UKRAINANYŇ DIPLOMATIK ŽURNALY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYK ÝUBILEÝINIŇ UKRAINADA BELLENILIŞI BARADA MAKALANY ÇAP ETDI

Ukrainanyň çäginde we ondan daşarda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we olaryň işgärleriň işi hem-de durmuşy, şeýle hem syýasat, ykdysadyýet, işewürlük we medeniýet mowzuklary boýunça makalalary neşir edýän Ukrainanyň meşhur «Kyiv Diplomatic» žurnalynyň nobatdaky sanynda türkmen halkynyň görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň Ukrainanyň çäginde giňden bellenilşi barada makala neşir edildi. Žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň guramagynda ge...

DOWAMY
pic
13 Awg

TÜRKMENISTAN WE TÜRKSOÝ HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK HEM BERKITMEGI MAKSAT EDINÝÄRLER

2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýä saparynyň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» we 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi bilen bagly bilel...

DOWAMY