SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-TÜRK GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEK BILEN BAGLANYŞYKLY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ankarada saparda bolan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Türkmenistanyň DIM-niň Baştutany Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. D...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISI UKRAINANYŇ W.N.KARAZIN ADYNDAKY HARKOW DÖWLET UNIWERSITETINIŇ PROREKTORY BILEN DUŞUŞDY
2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Ilçi Toýly Ataýewiň Ukrainanyň W.N.Karazin adyndaky Harkow döwlet uniwersitetiniň ylmy-mugallymçylyk işleri boýunça prorektory Zarif Nazyrow bilen duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň prorektory Ukrainanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň hatarynda duran bu ýokary okuw jaýynyň gurluşy we işi, şol sanda halkara bilimini ösdürmek, şeýle hem okuw prosesini guramagyň aýratynlyklary, okuw jaýynyň işiniň esasy ýörelgeleri we halkar...
HAZAR DEŇZINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi – durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň bilermenleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Ser...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Astana şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de ony ýokary sylag – Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy bilen gutlady. Duşuşygyň barş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2024-nji ýylyň Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyza köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygy üçin hoşallyk bildirip, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, senagat ulgamlarynda we beýleki geljegi uly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ ALTYNJY KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen boldy. Sammite gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri hem Astana şäherine geldiler. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti hormatly myhman...
ASTANA ŞÄHERINDE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Gazagystan Respublikasynyň DIM-nde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar ýokary derejedäki yzygiderli syýasy dialogyň ähmiýetini bellediler. Agzalan formatyň çäklerindäki bilelikdäki işleriň jemleri, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi. Mej...