SOŇKY HABARLAR
“TÜRKMENGAZ” WE “AFGHAN GAS” GAZ HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA ÄHTNAMA GOL ÇEKDILER
Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Owganystanyň “Afghan Gas” döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, bu Ähtnama iki ýurduň gaz pudagyndaky gatnaşyklarynda täze sahypa bolup, bu resminama esasynda taraplar Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny döretmek, senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI OWGANYSTANDA TOPH WE TOP TASLAMASYNA GARADY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparynyň dowamynda Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşyp, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisi hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝHHG-NIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
05.08.2026 ý. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi. Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ÝHHG-niň dünýäde parahatçylygy we durnukly özi üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenist...
2028-NJI ÝYLDA AŞGABATDA HALKARA HUKUGY BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI BÜTINDÜNÝÄ FORUMY GEÇIRILER
2028-nji ýylda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara hukugy boýunça ýokary derejeli Bütindünýä forumyny geçirmek, onuň jemleri boýunça halkara hukugynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm binýady hökmündäki ornuny tassyklaýan Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariaty we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde 2028-nji – Halkara hukuk ýylynyň halkara çärelerin...
“GÖROGLY” EPOSY BARADA UKRAIN YLMY IŞGÄRINIŇ MAKALASY «MIRAS» ŽURNALYNYŇ SAHYPALARYNDA
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sanynda Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwrenmek boýunça ylmy-barlag institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Nikolaý Waskiwiň “Görogly” - türkmen halkynyň gahrymançylykly eposy: etniki we umumadamzat gymmatlyklarynyň sintezi” atly makalasy ýerle...
DÖWLETJAN ÝAGŞYMYRADOW BMG-NIŇ DOSTLUK OÝUNLARYNYŇ HOŞNIÝETLI ILÇISI BOLDY
Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça meşhur türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi diýlip yglan edilip, oňa BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew tarapyndan degişli şahadatnama gowşuryldy. Bu barada THP habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, Döwletjan Ýagşymyradowyň bu wezipä bellenilmegi BMG-niň howandarlygynda sportuň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda hem-de parahatçylyk we dostluk gymma...
ÝAGŞYMYRADOW BILEN PAUELLIŇ PFL ÝARYŞYNDAKY SÖWEŞI 7-NJI AWGUSTA GEÇIRILDI
Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow bilen Beýik Britaniýanyň wekili Simeon Pauelliň PFL New York ýaryşynyň çäklerinde meýilleşdirilen söweşi 31-nji iýuldan 7-nji awgusta geçirildi. Duşuşyk ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Long-Aýlend sebitinde ýerleşýän «UBS Arena» sport toplumynda geçirilmelidi. PFL guramasynyň ýarym agyr agram derejesindäki reýtinginde Döwletjan Ýagşymyradow ikinji, Simeon Pauell bolsa bäşinji orny eýeleýär. Döwletjan Ýagşymyradow...