TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan Haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
06.11.2025 ý. türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, goňşy ýurda Gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Mälim bolşy ýaly, kabul edilen ynsanperwer çözgütden ugur alnyp, Owganystana derman hem-de saglygy goraýyş maksatly se...
Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler
6-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýe...
Ak tamda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň duşuşygy geçirildi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp penşenbe güni Ak tamda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri bilen “Merkezi Aziýa + ABŞ” (C5+1) ikinji sammitiniň çäklerinde resmi agşamlygyny geçirdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy. Sammit we agşamlyk nahary “C5+1” formatynyň ösüşinde täze tapgyryň baş...
ÝUNESKO 15-nji dekabry “Bütindünýä türki dil maşgalasy güni” hökmünde yglan etdi
Samarkantda geçirilýän ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynda ähmiýetli karar kabul edildi: 15-nji dekabr resmi taýdan Bütindünýä türk diller maşgalasynyň güni diýlip yglan edildi. Bu her ýyl bellenilýän baýramçylyk, türki dilli halklaryň dil, medeni we taryhy bitewüliginiň ykrar edilmeginiň halkara nyşanyna öwrüler. Bu senäni döretmek başlangyjy Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan öňe sürüldi. Karar giň goldawa eýe boldy; resminamanyň awtordaşlary hökmünde Aze...
ABŞ-da “C5+1” ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda kabul edişlik geçirildi
ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde çarşenbe güni Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Benjamin Franklin adyndaky zalda geçirilen çäre Waşingtonda geçirilýän "C5+1" görnüşindäki duşuşygyň çägindäki esasy wakalaryň biri boldy. Çäräniň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau, Senatyň Halkara gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Jeýms Riş, ABŞ-nyň Prezidentiniň...
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — ABŞ» sammitine gatnaşmak üçin Waşingtona geldi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherine bardy. «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, döwletleriň arasynda ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak boýunça tagallalary birleşdirmäge, bu ugurlarda täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýakyndan ýar...
Balkan elektrik bekedinden Kawkaz ýurtlaryna we Türkiýä elektrik energiýasy iberiler
Awazada geçirilen “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” (CIET 2025) halkara maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň energetika pudagynyň geljegine degişli möhüm strategik meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow öz çykyşynda ýurduň energetika ulgamyny ösdürmek bilen bagly Hazar deňziniň kenarynda täze utgaşdyrylan elektrik bekediniň gurluşygynyň başlandygyny habar berdi. Hazar deňziň kenarynda gurulýan bu t...