TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
PAKISTANYŇ MILLI LOGISTIKA KORPORASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň ýolbaşçysy Farruk Şahzad Raonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar wagtyň synagyndan geçen türkmen-pakistan gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösüdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Hususan-da ulag-logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ünsi çekmek bilen, ykdysadyýet ulgamyna degişli meseleler ara alnyp m...
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINIŇ KÖP TARAPLYLYGY TÜRKSOÝ-YŇ NEŞIRLERINIŇ SAHYPALARYNDA
2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilip geçilýär. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini bellemek boýunça çäreler toplumynda Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan neşir işlerine – goşgular ýygyndylarynyň, ylmy-barlag işleriniň, ylmy makalalaryň, monografiýalaryň, ýörite neşirleriň, gazet-žurnallaryň çap edilmegine möhüm orun degişlidir. Şunlukda, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ)...
«FRONTIER WORKS ORGANIZATION» KOMPANIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistanyň «Frontier Works Organization» kompaniýasynyň prezidenti we baş inženeri Kaşif Nazir bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşykda taraplar şäher gurluşygy, ýol-ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak we suwaryş ulgamlaryny gurmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara...
KIÝEWDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOŞGULARYNYŇ ÇEPER OKALYŞY GEÇIRILDI
Ýubileý ýylynyň awgust aýynda Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okalyşy geçirildi. Gündogaryň beýik akyldary we görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan Ukrainada bilim alýan türkmen talyp ýaşlarynyň, häzirki zaman ukrain öwrenijileriniň we şahyryň goşgularynyň terjimeçileriniň gatnaşmaklarynda çäre geçirildi. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna goşulan şahyryň goşgulary Magtymgulynyň Kiýew ş...
ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN BOLAN DUŞUŞYK BARADA
2024-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rudyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň möhüm taraplary we wajyp ugurlary dogrusynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowa...
ÜÇÜNJI «ÄHLUMUMY GÜNORTANYŇ SESI» SAMMITI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanow Hindistan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan wirtual görnüşde guralan üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammitiniň ministrler mejlisine gatnaşdy. Dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň wekillerini jemlän sammitiň umumy temasy «Durnukly gelejek ugrunda Ählumumy Günortanyň mümkinçiliklerini giňeltmek» boldy. Çäräniň maksady özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ösüp barýan ýurtlaryň derw...
AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOŞGULARYNYŇ LABYZLY OKALYŞ GÜNLERI
Magtymguly Pyragynyň goşgulary dünýäniň dürli dillerinde okalýar. Meşhur türkmen şahyrynyň we akyldarynyň 300 ýyllygyny bellenýan ýylynda, şahyryň goşgularynyň watan we müdümi gymmatlyklar, mähir we adamsöýüjilik hakda çuňňur pikirler bilen doldurylandygy üçin has täsirli we dabaraly ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini meşhur ukrain öwrenijiler we türkmen ýaşlary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy şahyryň goşgularyny çepere okamak günlerini açyk diýip yglan edilý...