TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň iň ýokary döwlet baýragy bilen sylaglanyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň iň ýokary döwlet baýragy – “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Daražali Dustlik”) ordeni bilen sylaglanyldy. Sylag dabarasy duşenbe güni Daşkent şäherinde geçirildi. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu çözgüdiň Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostlugy, özara ynanyşmagy we strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde bitiren hyzmatlaryna özbek halkynyň ýürekden bildiren hormatynyň we ykrar...
Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygyna ýolbaşçylyk eder
Türkmenistan Merkezi Aziýada agzybirligi, jebisligi we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary eder. Muny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy noýabrda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda aýdyp, ýurdumyzyň adyndan Özbegistan Respublikasyndan ýokary derejeli syýasy çärä ýolbaşçylyk etmegi kabul etdi. «Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek b...
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Ukrainanyň Daşary işler ministrliginde Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Mişşenko bilen Ukrainada akkreditlenen Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi jenap Toýly Ataýew gatnaşdy. Ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilmegi we geljegi, hyzmatdaşlygyň ugurlary we mehanizmleri, şeýle hem geljekki özara gatnaşyklaryň formatlaryny kesgitlemek duşuşygyň esasy mowzukla...
Mämmethan Çakyýew: Türkmenistan daşary ýurt maýadarlary hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň anyk maýa goýum tekliplerine seretmäge taýýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew çarşenbe güni Aşgabatda geçirilýän “Türkmentel–2025” ylmy maslahatynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Wise-premýeriň bellemegine görä, taslamalar Türkmenistanyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde, özara bähbitli hem-de deňhukukly şertlerde amala aşyrylar. Türkmenistanyň üstaşy...
Aşgabatda “Türkmentel-2025” we ITTC 2025 sergileri açyldy
Aşgabatda çarşenbe güni “Türkmentel-2025” atly halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025” atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. “Türkmentel-2025” halkara forumyna Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň, Bütindünýä poçta birleşiginiň wekilleri, şeýle hem ählumumy tehnologik bazaryň iri kompaniýalary gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda “Ozon”, “Huawei”, “Nokia”, “Cisco”, “Juniper”, “Thales”, IBM, “Mitsubishi”, “Turkish...
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi. Nygta...
Türkmenistan Haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
06.11.2025 ý. türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, goňşy ýurda Gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Mälim bolşy ýaly, kabul edilen ynsanperwer çözgütden ugur alnyp, Owganystana derman hem-de saglygy goraýyş maksatly se...