img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DÖWLETJAN ÝAGŞYMYRADOW BMG-NIŇ DOSTLUK OÝUNLARYNYŇ HOŞNIÝETLI ILÇISI BOLDY

photo

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça meşhur türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi diýlip yglan edilip, oňa BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew tarapyndan degişli şahadatnama gowşuryldy. Bu barada THP habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Döwletjan Ýagşymyradowyň bu wezipä bellenilmegi BMG-niň howandarlygynda sportuň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda hem-de parahatçylyk we dostluk gymmatlyklaryny wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmen garyşyk söweş sungatynyň iň meşhur wekilleriniň biri bolan Döwletjan Ýagşymyradow professional karýerasynda 26 sany ýeňiş gazanyp, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistanyň adyndan birnäçe gezek çykyş etdi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Dostluk oýunlaryny her ýyl geçirmek baradaky Kararnama 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edildi. Üçünji gezek geçirilýän BMG-niň Dostluk oýunlary 2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda başlandy.

2026-njy ýyldaky BMG-niň Dostluk oýunlarynyň maksatnamasyna futbol, basketbol, woleýbol, tennis, stol tennisi, badminton, piklbol, küşt, ylgaw we ýoga boýunça ýaryşlar girizildi.