TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
AWSTRALIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Awstraliýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Jon Uilýam Giring bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň barşynda...
DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝUNISEF-IŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze bellenilen ýolbaşçysy Jalpa Ratna bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Söhbetdeşligiň barşynda myhmany ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ NEŞELER WE JENAÝATÇYLYK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNODC) sebit wekili Aşita Mittalyň arasynda duşuşyk geçirildi Duşuşygyň barşynda taraplar bu guramanyň taslamalarynyň we neşeleriň bikanun dolanşygynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça degişli sebitleýin we halkara gurallarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar....
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE HGHK-NYŇ MERKEZI AZIÝADAKY SEBIT WEKILÇILIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebit wekilçiliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberisiň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-nyň dürli ugurlardaky özara gatnaşyklarynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem HGHK-nyň sebitiň çäklerinde, hususan-da Türkmenistanda häzirki wagtda alyp barýa...
IKI DOSTLUKLY DÖWLETIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkme...
KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULY ADYNDAKY KITAPHANASYNDA «TÜRKMEN SÄHRASYNYŇ MUKAMY» ADY BILEN MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÖMRI WE DÖREDIJILIGI ESASYNDA ÇEKILEN SURATLARYŇ SERGISI BARADA
2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphananyň bilelikde guramaklarynda XVIII asyryň görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi esasynda çekilen Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrabynyň “Мистецтвознавці” atly mekdepden daşary işjeňlik merkeziniň döredijilik toparynyň ýaş suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň jemlerine bagyşlanan çäre geçirildi. Türkmen nuswagy edebiýatynyň düýbüni...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YRAK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mohammet Bahr Al-Ulumyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň, energetika we ulag pudaklarynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem ylym-b...