Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNDAN MINNETDARLYK HATY GELIP GOWUŞDY
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýollan hatynda, Aşgabada amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda bildirilen mähirli myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk sözlerini beýan edýär.
«2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistana bolan meniň ilkinji döwlet saparymyň ýokary guramaçylygy hem-de aýratyn myhmansöýerligiňiz üçin Size çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin.
Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçi...
TÜRKMENISTANDA GURULÝAN TÜRKMENABADA ÇENLI ÝOKARY TIZLIKLI AWTOMOBIL ÝOLUNYŇ AŞGABAT-TEJEN BÖLEGI DABARALY ÝAGDAÝDA ULANMAGA BERILDI
2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Aşgabat-Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 203 kilometrlik «Aşgabat-Tejen» böleginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýokary wezipeli daşary ýurtly myhmanlar, hususan-da Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Yslam Ösüş Bankynyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň, Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş Banklynyň sebitleýin we ýurt boýunça wekilleri, «Hyun...
KABULDA IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 31-nji oktýabrda Kabul şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklarda syýasy-ykdysady gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgamyndaky ýagdaýlar hem-de ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi boýunça pikirler alyşyldy. Şeýle-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň hem-de Tür...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ OWGANYSTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 30-31-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş saparda boldy.
Kabul şäherine bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Hususan hem, Wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Mohammad Has...
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY HEREKETLERIŇ GÜN TERTIBINDE TÜRKMENISTANYŇ ÄHMIÝETLI BAŞLANGYÇLARY BEÝAN EDILDI
BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjylaryň Glazgo şäherinde geçirilýän maslahatynyň (COP26) 26-njy mejlisinde eden çykyşynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow ählumumy Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kabul edilmeginden soňra, Türkmenistanyň milli hem-de halkara derejede olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda işjeň hereketleri durmuşa geçirýändigini belledi.
Bu ugurda Türkmenistanyň Milli derejedäki Kesgitli Goýumy (NDC) 2...
«MERKEZI AZIÝA–KOREÝA RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ ÇÄKLERINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Duşanbe şäherinde gatnaşyjy-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän 14-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmegiň çäklerinde gibrid görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistana Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi.
Nobatdaky mejlisiň çäklerinde diplomatlar MA-KR-nyň Daşary işler ministrleriniň 1...
TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY HEREKETLERIŇ GÜN TERTIBINIŇ MAKSATLARYNA ÝETMEGIŇ ÝOLUNDA
2021-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda giň gerimde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.
Bag ekemk dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Şu günki ählihalk bag ekmek dabarasy Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýykl...
TÜRKMENISTANYŇ WE AWSTRIÝANYŇ IŞEWÜRLERI KÖPTARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Aşgabada iş sapary bilen Awstriýanyň işewürler topary bilen duşuşyk geçirildi.
Iki ýurduň hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasynda energetika, ulag we logistika, ýeňil senagat, söwda we ykdysadyýet, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş we farmasewtika, şeýle-de beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça işjeň özara hereketleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň ç...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE AWSTRIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
Şu gün, 9-njy noýabrda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministri Mihael Linhart bilen duşuşygy geçirildi.
R.Meredow özüniň giriş sözünde, Türkmenistanyň Awstriýa bilen özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça ikitaraplaýyn hem-de köpugurly özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.
Işjeň ýag...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝÄNIŇ DÖWLET TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ “TRT WORLD” TELEÝAÝLYMYNA BEREN INTERWÝUSY
– Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow! Möhüm döwlet işiňizden wagt aýryp biz bilen duşuşanyňyz, «TRT World» teleýaýlymyna interwýu berýäniňiz üçin Size köp sagbolsun aýdýarys.
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy köpasyrlyk taryhy, dostluk we doganlyk gatnaşyklary bolan döwletler bolup, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar «Bir millet — iki döwlet» şygary bilen häsiýetlendirilýär. Siz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine nähili baha berýärsiňiz...