TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY HEREKETLERIŇ GÜN TERTIBINIŇ MAKSATLARYNA ÝETMEGIŇ ÝOLUNDA

2021-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda giň gerimde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.

Bag ekemk dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Şu günki ählihalk bag ekmek dabarasy Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda geçirilip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologik köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek» diýlen 15-nji Maksadyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen.

Ýer togalagynyň abadançylygynyň hatyrasyna ählumumy ekologiýa meseleleriniň konstruktiw çözgütleri babatdaky başlangyçlary bilen çykyş etmek bilen, Türkmenistan abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjylaryň Glazgo şäherinde geçirilýän maslahatynyň (COP26) 26-njy mejlisinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedow howanyň üýtgemegine garşy gün tertibinde göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin, Türkmenistanda milli derejede metanyň zyňylmalarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berilýändigi barada belledi. Şeýle-de ol ýurdumyzyň Ählumumy Metan Borçnamalary boýunça täze başlangyçlary öwrenmäge hem-de oňa doly derejede mümkingadar gatnaşmaga bolan ymtylyşy barada nygtady.

Konwensiýanyň talaplaryna hem-de Pariž ylalaşygy boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna laýyklykda, Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýär, hususan-da, her ýyl ýurdumyzda millionlarça bag nahallary ekilýär. Şunlukda, 2020-nji ýylda 25 million bag nahallary ekildi, 2021-nji ýylda bolsa 30 million sanysynyň ekilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty halkara bileleşiginiň bug gazlarynyň zyňylmalaryny azaltmak, senagatda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak, tokaýlary dikeltmek we howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak üçin ýerden peýdalanmaklyk ugrundaky hereketlerini goldamaklyga gönükdirilendir.

Häzirki wagtda «Gök guşak» giň gerimli umumymilli maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzda şäherleriň we ilatly nokatlaryň töwereklerinde uly meýdanly tokaý zolaklar döredilýär. COP26-ň çäklerindäki dünýä liderleriniň sammitiniň çäklerinde Tokaýlar we ýerden peýdalanmaklyk baradaky Jarnama gol çekilendigini hem-de oňa laýyklykda, paýyna 86%-den gowrak dünýä tokaýlary düşýän 100-den gowrak ýurtlaryň 2030-njy ýyla çenli tokaýlaryň ýitip gitmegini we ýerleriň zaýalanmagyny togtatmak üçin bilelikde hereket etmäge borçlanandyklaryny bellemek wajypdyr.