Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ – MERKEZI AZIÝANYŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ MINISTRLERIŇ STRATEGIKI DIALOGYNYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow “Aýlagdaky Arap Döwletleriniň – Merkezi Aziýanyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň” Daşary işler ministrleriň strategiki dialogynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy.
Bu platforma ýurtlaryň arasyndaky syýasy gepleşikleri giňeltmek hem-de söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar halkara gün ter...
“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen makalalarda giň okyjylar köpçüligi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrylýar.
Žurnalyň bu gezekki sany hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HHR-IŇ HÖKÜMETINIŇ ÝEWRAZIÝA IŞLERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçy...
TÜRKMEN-SAUD HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň çäklerinde 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Saud Ösüş gaznasynyň baş ýerine ýetiriji direktory (CEO) Sultan bin Abdulrahman Al-Marshad bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar energetika, gaz himiýasy senagaty, oba we suw hojalygy hem-de saglyk saklaýyş ulgamyndaky ösüş boýunça maýa goýum taslamalaryna degişli meseleleri ma...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE ZENAN PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ 14-NJI SAMMITINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 8-9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilýän Parlamentara Bileleşiginiň agza ýurtlarynyň Zenan parlament ýolbaşçylarynyň 14-nji Sammitine gatnaşdy.
“Parlament liderligi: durnuklylygy we abadançylygy has hem netijeli üpjün etmek üçin töwekgelçilikleri çaklamak” temasy boýunça geçirilýän bu foruma halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Parlamentara Bileleşiginiň...
TÜRKMENISTANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Wena şäherindäki “Hofburg” Prezident köşgünde Ilçi H.Amannazarowyň Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Awstri...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI NÝU-ÝORKDA GEÇIRILÝÄN “BILIMI ÖZGERTMEK BOÝUNÇA SAMMITINE” GATNAŞÝAR
2022-nji ýylyň 16-19-njy sentýabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş tarapyndan çagyrylan “Bilimi özgertmek boýunça sammitine” gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde bolýar.
Çärä BMG-na agza döwletler, BMG-niň institutlary, halkara guramalar we agentlikler, alymlar we hünärmenler, raýat jemgyýeti, dürli gaznalar, birleşikler, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri gatnaşýarlar.
Bu Sammit bilim boýunça dördünji Durnukl...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
16-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen düzümdäki mejlisiniň başlamagynyň öň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli myhmanlary mähirli mübärekledi.
Soňra sammite gatnaşyjylaryň resmi taýdan bilelikde s...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINDÄKI ÇYKYŞY
Hormatly döwlet we Hökümet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýetleriň agzalary, hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, şu günki duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisini mübäreklemäge hem-de onuň ýokary derejede guralandygy, myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejedäki mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Ýu...
«TÜRKMENISTANYŇ HALKARA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY: GAZANYLAN TEJRIBE WE ÖSÜŞIŇ GELJEGI» ATLY HALKARA MASLAHATY
2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy: gazanylan tejribe we ösüşiň geljegi» atly halkara maslahaty geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor–mugallymlary, talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
M...