TÜRKMEN-SAUD HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň çäklerinde 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Saud Ösüş gaznasynyň baş ýerine ýetiriji direktory (CEO) Sultan bin Abdulrahman Al-Marshad bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar energetika, gaz himiýasy senagaty, oba we suw hojalygy hem-de saglyk saklaýyş ulgamyndaky ösüş boýunça maýa goýum taslamalaryna degişli meseleleri maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini we Türkmenistanda ösüş taslamalary üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn nygtadylar.

Şeýle hem, Türkmen tarapy bilelikdäki hereketleriň iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli maýa goýum hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdi.