Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasi Hiýaşi bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň ähmiýetli ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Daşary işler ministri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynd...
ÝAPONIÝANYŇ IŞEWÜRLER JEMGYÝETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN GEPLEŞIKLER
2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge we onuň täze ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirildi.
Türkmen tarapy energetika, mineral serişdeleriň özleşdirilmegi, himiýa senagaty we ulag ulgamlarynda taslamalaryň amala aşyrylmagy babatynda köpýyllyk taryha eýe bolan döwletara gatnaş...
ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADYÝET, SÖWDA WE SENAGAT MINISTRLIGINDE GEÇIRILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmany beýan etdiler. Şunda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtalyp, bu babatynda taraplaryň syýasy erkiniň hem-de giň ykdysady mümkinçilikleriniň barlygyna üns çekildi.
Duşuşykda himiýa zawodlarynyň,...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÝAPONIÝANYŇ YLYM-BILIM GATNAŞYKLARYNYŇ GERIMI GIŇEÝÄR
2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tsukuba Uniwersitetiniň Prezidenti K.Nagata we Soka Uniwersitetiniň Prezidenti M.Sudzuki bilen duşuşyklary geçirildi.
Duşuşyklarda ikitaraplaýyn ylym we bilim, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmegiň ähmiýetli meselelerine seredildi.
Ýaşlar syýasaty babatynda maksatnamalaryň we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýraty...
TÜRKMENISTANDA ŞWEÝSARIÝANYŇ ILÇISI IŞE BAŞLADY
2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteliden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomat ýurdumyzyň daşary syýasaty bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederas...
TÜRKMENISTAN ÝAPONIÝANYŇ MALIÝE INSTITUTLARY BILEN GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGI MAKSAT EDINÝÄR
Ýaponiýa amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda, 2024-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň daşary söwda guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji direktory hem-de başlygy Işiguro Norohiko we Eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş guramasynyň (NEXI) ýerine ýetiriji diektory hem-de başlygy Asuo Kuroda bilen duşuşyklary geçirdi.
«JETRO» guramasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn söwdanyň ös...
TOKIODA GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ÝAPON DILINE TERJIME EDILEN “ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Tsukuba Uniwersitetinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorlarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline tejime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaras...
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/127904TÜRKMENISTANYŇ WE ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa bilen duşuşdy.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklara uly orun degişlidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşygynyň gurnalmagynyň maksadalaýyk boljaklygy bellenildi. Şeýle-de, duşuşykda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogyna gatnaşyjy döwletleriň ilkinji...
HARKOW ŞÄHERINDE GEÇEN SPORT ÝARYŞYNDA TÜRKMEN TALYBYŇ ÜSTÜNLIGI
27.01.2024 ý. Ukrainanyň JU-JUTSU Federasiýasynyň gurnamagynda Harkow oblastynyň Harkow şäherinde sportuň jiu-jitsu söweş sungaty boýunça oblast derejesinde ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa Ukrainanyň Milli tehniki uniwersitetiniň “Harkow politehniki institutynyň” gündizki bölümi boýunça nebit-gaz fakultetiniň 4 ýyl talyby Babageldi Halymow gatnaşyp, ol 90 kg agramda 19-40 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda 1-nji baýrakly oruny eýeledi.
Wanatdaşymyzy bu ýeňiş bilen gutlaýarys!
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ HALK WEKILLERINIŇ ÄHLIHYTAÝ ÝYGNAGYNYŇ HEMIŞELIK KOMITETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY
2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary Hao Minszin ýolbaşçylygyndaky HHR-iň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp sanly meselesini ara alyp maslahatlaşdylar we türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan toplumlaýyn çemeleşme...