Tapylan netije sany: 8961
AŞGABAT WE RIM MEDENI GATNAŞYKLARY ÇUŇLAŞDYRMAGY MAKSAT EDINÝÄRLER
2024-nji ýylyň 20-nji martynda türkmen wekiliýeti Rim şäher meriýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda dürli ulgamlarda, ilkinjileriň hatarynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde, arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak babatynda ýurtlaryň arasynda uzak möhletli özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylda Rimiň Kapitoliý muzeýinde Türkmenistany...
BÜTINDÜNÝÄ ŞYGRYÝET GÜNI WE GÖRNÜKLI TÜRKMEN ŞAHYRY WE AKYLDARY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULY ADYNDAKY KITAPHANADA GEÇIRILEN LABYZLY WE ÇEPER OKALYŞ
Her ýyl 21-nji martda bellenilýän Bütindünýä şygryýet güni hem-de görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ilçihanasy Kiýew şäherindäki Magtymgulynyň adyny göterýän kitaphana bilen bilelikde goşgylaryň labyzly we çeper okalyşy gurnaldy.
Bu döredijilik çäre “Şahyrana sözüň akymy” ady bilen gurnalyp, oňa türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri, Magtymguly adyndaky kitaphananyň we “Swiçado” merkezleşdirilen kitaph...
ULAG HYZMATDAŞLYGY TÜRKMEN-ITALÝAN GEPLEŞIKLERINIŇ ÜNS MERKEZINDE
2024-nji ýylyň 20-nji martynda türkmen wekiliýetiniň Rime amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew bilen Wise-premýer, Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwininiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Italiýanyň ulag pudagynyň esasy bölümleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Taraplar demir ýol we deňiz ulaglary pudagynda hyzmatda...
RIMDE HALKARA GURAMALARYNYŇ WEKILLERI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň Prezidenti Alwaro Lario bilen duşuşdy.
Taraplar Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Şol gün türkmen wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary Maurisio Martina bilen duşuşygy geçirild...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI SESSIÝASYNYŇ MEJLISINDE «2025-NJI ÝYL — HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» ATLY KARARNAMA KABUL EDILDI
2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň awtordaşlary bolup 86 döwlet çykyş etdi.
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/130473ДЕЛЕГАЦИЯ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛА УЧАСТИЕ В РАБОТЕ 148 АССАМБЛЕИ МЕЖПАРЛАМЕНТСКОГО СОЮЗА
В период 23-24 марта текущего года делегация Туркменистана под руководством Председателя Меджлиса Туркменистана Д.Гулмановой в целях участия в работе 148 Ассамблеи Межпарламенстского союза (МПС) осуществила рабочий визит в г.Женеву, Швейцарская Конфедерация.
В рамках визита 23 марта 2024 года делегация Туркменистана приняла участие в работе Форума женщин парламентариев, сегменты которого были посвящены перспектив гендерной политики и роли женщин-миротворцев, способствующих устойчивому миру....
ТУРКМЕНИСТАН И ТЮРКСОЙ НАЦЕЛЕНЫ НА ДАЛЬНЕЙШЕЕ УКРЕПЛЕНИЕ МНОГОПЛАНОВОГО СОТРУДНИЧЕСТВА
25 марта 2024 года в здании МИД Туркменистана состоялась встреча Министра иностранных дел Туркменистана Рашида Мередова с делегацией во главе с Генеральным секретарем Международной организации тюркской культуры (ТЮРКСОЙ) Султанбаем Раевым, прибывшим для участия в торжественном мероприятии, посвященным объявлению древнего туркменского города Анау – культурной столицей тюркского мира 2024 года.
После слов признательности Генеральному секретарю Организации за участие в торжествах, состоялся дета...
TÜRKSOÝ TARAPYNDAN “TÜRKI DÜNÝÄNIŇ MEDENI PAÝTAGTY DIÝLIP” YGLAN EDILEN ÄNEW ŞÄHERI UKRAINANYŇ KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINIŇ SAHYPALARYNDA
2024-nji ýylyň 18-nji martynda Bütinukrain döwürleýin neşir edilýän “Ukraine Business Review” gazetiniň nobatdaky sany çapdan çykdy. Bu gazetiň sahypalarynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň gatnaşmagynda taýýarlanan “Änew şäheri – türkmen topragynyň gadymy medeniýetiniň mekany” ady bilen makala ýerleşdirildi.
Mälim bolşy ýaly, Änew şäheri Türki medeniýetiniň halkara guramasy – TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip” yglan edildi. Bu ýylda Türkmenistan we TÜRKSOY...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASYNYŇ SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistan bilen Sebit merkeziniň bilelikdäki işleriniň dürli taraplary seljerildi.
Türkmenistan bilen BMG-niň Sebit merkeziniň...
WENESUELA BOLIWARIAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2024-nji ýylyň 27-nji martynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Baky ş.) Kristofer Alberto Martines Berroteran bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatlarynyň nusgasyny kabul etdi.
A.Gurbanow Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny aýtdy.
Soňra taraplar döwleta...