Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ DAŞARY IŞLER, ARKALAŞYK WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA DÖWLET SEKRETARYNY KABUL ETDI
2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-niň hem-de Premýer-ministri Rişi Sunagyň salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Dewid Kemerony my...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASY UKRAINANYŇ BIORESURSLAR WE TEBIGATDAN PEÝDALANMAK BOÝUNÇA MILLI UNIWERSITETINE WE UNIWERSITETIŇ ÇÄGINDÄKI ATÇYLYK SPORT TOPLUMYNA BARYP GÖRDI
Şu gün, 2024-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýew we Ilçihananyň diplomatik işgärleri Kiýew şäherindäki Bioresurslar we tebigatdan peýdalanmak boýunça Milli uniwersitetine baryp gördüler.
Diplomatlar uniwersitetiň rektory we wekilleri bilen duşuşyk geçirip, onuň dowamynda oba hojalyk ugurlarda, şol sanda atçylyk ugurda tejribeli hünärmenleri taýýarlamakda özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu ýokary okuw jaýy bilen Türkmenistanda ilkinji...
TÜRKMENISTANYŇ BSG-NA AGZA BOLMAGY BILEN BAGLY MESELELERI ÖWRENMEK BOÝUNÇA HÖKÜMET TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň degişli ministrliklerinden we pudak edaralaryndan Hökümet toparynyň agzalary gatnaşdylar.
Mejlisiň çäklerinde gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň 2...
ANKARADA TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 25-26-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ankara şäherine iş sapary amala aşyryldy.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkiýäniň DIM-niň binas...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BMG-NIŇ ILAT WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ 57-NJY MEJLISINE GATNAŞMAGY
2024-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki edara binasynda geçirilýän BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy.
Agzalan mejlis «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» ady bilen geçirildi.
Geçirilen çäre bilen bir hatarda, BMG-niň Baş Assamble...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISINIŇ UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY
2024-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýewiň Ukrainanyň Daşary işler ministriniň Birinji orunbasary Andreý Sibiga bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we bu gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn söwda dolanşygynyň mukdaryny artdyrmak mümkinçiliginiň geljegini...
TÜRKMENISTANYŇ IÇERKI WE DAŞARY SYÝASATYNYŇ ESASY UGURLARYNY GÖRKEZYÄN HALKARA RESMINAMALARYŇ SANLY KITAPHANASY IŞE GIRIZILDI
Sanly kitaphanada Türkmenistanyň Bitaraplygy, Hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn formatlary, Parahatçylyk we howpsuzlyk, Türkmenistan -Durnukly Osüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek ýolunda, Parlament diplomatiýasy, Ekologiýa diplomatiýasy, Energetika diplomatiýasy, Ulag diplomatiýasy, Medeniýet diplomatiýasy, Sport diplomatiyasy ýaly ugurlar boyunça maglumatlar ýerleşdirildi.
Agzalan kitaphananyň elektron salgysy: docslibrary.gov.tm
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «TÜRKMENISTAN-BMG» STRATEGIK MASLAHAT BERIŞ GEŇEŞINIŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi.
Maksatnama laýyklykda Geňeşiň mejlisi öz işini iki sessiýanyň çäklerinde dowam etdi. Birinji sessiýanyň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026-2030-njy ýyllar üçin çarçuwaly Maksatnamasyny» (UNDAF) taýýarlamak boýunça öňde goýulan wezipeler bilen baglanyşykly meselel...
GÖRNÜKLI HALYPA DIPLOMATYŇ HORMATYNA DABARALY ÇÄRE
2024-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň 70 ýaş toýy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara he...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE METBUGAT-BRIFINGI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şanly sene – türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleri, hususan-da Medeniýet ministrleriniň halkara maslahatyny, Aşgabadyň günortasynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyny hem-de beýleki çäreleri guramaga we geçirmäge bagyşlanan metbugat-brifingi geçirildi.
Çäräni Tükmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşim...