Tapylan netije sany: 8961
UKRAINADA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ UKRAIN DILINDÄKI TERJIMELERINIŇ DOLY ÝYGYNDYSY NEŞIR EDILDI
2024-nji ýylyň maý aýynda Ukrainada “Магтымгулы Пырагы. ОДКРОВЕНИЕ. 300 лет со дня рождения ” şahyrana ady bilen gündogaryň görnükli klassigi, türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli edebi we çeper neşir çapdan çykdy.
Neşiriň özboluşly aýratynlygy hem, häzirki wagtda Magtymgulynyň goşgularynyň ukrain diline terjime edilen iň doly ýygyndysy bolmagyndadyr. Neşiriň awtory we düzüjisi, Kiýew şäherindäki Boris Grinçenko adyndaky Uniwersitetiniň žunalistika instituty...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çäräniň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm gün tertibi hem-de Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşyldy. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda daşky gurşawy goramak, ýaşyl we sanly özgertmel...
2024-NJI ÝYLYŇ 19 – 22-NJI AWGUSTY ARALYGYNDA AŞGABATDA ILKINJI GEZEK «KIDS EXPO: ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN» ATLY HALKARA SERGI-ÝARMARKASY GEÇIRILER
2024-nji ýylyň 19 – 22-nji awgusty aralygynda Aşgabatda ilkinji gezek «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu sergi çaga önümleri we hyzmatlary pudagynda möhüm waka bolmak bilen, kompaniýalara bazaryň bu ugrunyň ösmegine goşant goşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.
«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» çaga hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalaryň innowasion önümlerini we hyzmatlaryny hödürläp, bazary täze mümkinçilikler bilen baýlaşdyryp bil...
ÝAPON-TÜRKMEN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY TOŞIAKI ENDO BILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonuň ýolbaşçylygyndaky Ýapon parlamentiniň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklara aýratyn üns bermek arkaly, ýurtlaryň arasynda...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI FILIPPINLER RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Manila şäherindäki Malakanang köşgünde Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tokio ş.) Atadurdy Baýramowyň Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Romualdes Markos Juniora ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ÝAPON-TÜRKMEN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy.
Jenap Endo Toşiaki wagt tapyp kabul edendigi üçin Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň salamyny, gowy arzuwlaryny ýetird...
ÝAPON-TÜRKMEN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY TOŞIAKI ENDO BILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonuň ýolbaşçylygyndaky Ýapon parlamentiniň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklara aýratyn üns bermek arkaly, ýurtlaryň arasynda...
«MERKEZI AZIÝA+ÝAPONIÝA» DIALOGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DEREJESINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki duşuşyga gatnaşdy.
Duşuşyga şeýle hem Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, Gazagystanda akkreditlenen Merkezi Aziýa ýurtlaryn...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ WE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ BILELIKDÄKI MASLAHATY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler» atly Bilelikdäki maslahaty geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik korpusyň, ÝB-niň maksatnamalarynyň we taslamalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Umumy mejlis...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ (HZG) WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda HZG-nyň Baş direktorynyň kömekçisi, HZG-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit edarasynyň sebit direktory Beata Andresiň şu ýylyň fewralynda amala aşyran saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen HZG-nyň köp ýyl...