Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ATOM ENERGIÝASY BOÝUNÇA HALKARA AGENTLIGINIŇ BAŞ KONFERENSIÝASYNA GATNAŞÝAR
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherine sapary başlandy.
Baş konferensiýanyň çäginde wekiliýetiň IAEA-nyň Baş direktorynyň orunbasary jenap Lýu Hua bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda IAEA ýaly abraýly halkara gurama...
AŞGABAT ŞÄHERINDE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BILEN BAGLANYŞYKLY MESELELER BOÝUNÇA ÝAŞLAR MASLAHATY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanalary we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi.
Maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi we seb...
TÜRKMENISTAN WE GERMANIÝA IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK-DE BERKITMEGI GOLDAÝARLAR
2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş saparyny amala aşyrýar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşler ynanyşykly we özara hormat goýmak esasynda üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «MERKEZI AZIÝA – GERMANIÝA» FORMATYNDAKY ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYGA GATNAŞDY
2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Astana şäherinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinden Prezident Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARY HAKYNDA
2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda türkmen wekiliýetiniň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji sessiýasyna gatnaşmagynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bu sessiýanyň umumy mejlisinde çykyş etdi.
M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde ileri tutulýan ugurlar boýunça dürli derejelerde geňeşmeleri geçirmek tejribesiniň ýola goýulandygyny belledi. Türkmenis...
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen dușuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky hyzmatdaşlygyň netijeligini bellediler. Şu ýyl meýill...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ABŞ-NIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen bir hatarda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlaryny we ABŞ-ny öz içine alýan «C5+1» formatynyň çägindäki hyzmatdaşly...
TÜRKMEN-MONGOL GÜN TERTIBINIŇ WAJYP MESELELERINE GARALDY
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Dorj Baýarhuu bilen duşuşdy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary syýasy edaralarynyň üsti bilen ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýlä...
TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini, hususan-da Türkmenistanyň gatnaşmagynda UNRCCA-nyň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem BMG-niň...
MERKEZI AZIÝANY ÖWRENIŞ HALKARA INSTITUTYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK HAKYNDA
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktory (IICAS) Ewren Rutbil bilen duşuşygy geçirildi.
Mejlisiň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ýakyn geljek üçin özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Gepleşik...