Tapylan netije sany: 8960
HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ SEBITLEÝIN DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş müdiriniň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beate Andresyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meselelerini we bilelikde geçirilmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ad...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «EURONEWS» TELEKOMPANIÝASYNYŇ DIREKTORLAR GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ähli ulgamlarda, şol sanda halkara giňişlikde gazanýan üstünlikleriniň ähmiýetini belledi. Şeýle hem Pedro Wargas Dawid ak mermerli Aşgabadyň gözel keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, hä...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI «EURONEWS» TELEKOMPANIÝASYNYŇ DIREKTORLAR GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini we munuň özi üçin buýsançly wakadygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda millionlarça tomaşaçysy bolan «Euronews» telekomp...
TÜRKMENISTAN BILEN BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Bütindünýä bankynyň sebitleýin direktorlary we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlyk...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN GATNAŞYKLARYNYŇ NETIJELERINE GARALDY
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda DIM-de Türkmenistanyň geçen ýylyň dowamynda Halkara zähmet guramasy bilen bilelikdäki işiniň netijeleri boýunça mejlis geçirildi.
Duşuşyga degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň, şeýle hem welaýat häkimlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Halkara zähmet guramasynyň wekiliýetine Baş direktoryň kömekçisi, Sebitleýin direktor Beata Andres ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň işine gatnaşyjylar «2024-2025-nji...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE LLDC-3 TAÝÝARLYK GÖRMEK BOÝUNÇA BMG-NIŇ ILKINJI BAHA BERIŞ MISSIÝASYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRDI
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirdi.
Çärä degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolba...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ ÝEWROPA WE MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassanini kabul etdi.
Hanym Antonella Bassani bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Bütindünýä bankynyň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurtda milli maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, dürli...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassani, bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory hanym Tatýana Proskurýakowa, Halkara maliýe korporasiýasynyň Merkezi Aziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin direktory hanym Wibke Şlýomer bilen duşuşdy.
Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman...
KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULY KITAPHANASYNDA “UKRAINA-TÜRKMENISTAN: ÖZARA MEDENI BAÝLAŞDYRYŞ” ADY BILEN GEÇIRILEN AKYLDAR ŞAHYRYMYZYŇ GOŞGULAR ÝYGYNDYSYNYŇ UKRAIN DILINDÄKI KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ ÇÄRESI BARADA
02.03.2025 ý. Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň “Magtymguly Pyragy. Ylham” atly şahyryň ukrain dilinde çap edilen neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Bu edebi eser beýik türkmen nusgawy şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň maý aýynda neşir edildi.
Bu ýyl, 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna şahyryň 300 ýyllygynyň hem girizilmegi bilen bagly çäre bu kitapha...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISI UKRAINANYŇ MILLI OBA HOJALYK AKADEMIÝASYNYŇ MILLI YLMY OBA HOJALYK KITAPHANASYNA BARYP GÖRDI
Şu ýylyň 04-nji martynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi T.Ataýew oba hojalygy ylymlary, bilim we tehnologiýa taryhy institutyny esaslandyryjysy we ýolbaşçysy W.Wergunowyň çakylygy esasynda Milli ylmy oba hojalyk kitaphanasyna baryp gördi.
1917-nji ýylda döredilen Ukrainanyň Milli oba hojalyk akademiýasynyň Milli ylmy oba hojalyk kitaphanasy Ukrainada milli ähmiýetli öňdebaryjy ýöriteleşdirilen kitaphana bolup, oba hojalygynyň meseleleri üçin ylmy we maglumat merkezidir, şeýle hem oba hojal...