Tapylan netije sany: 8960
11-NJI IÝULDA BÜTINDÜNÝÄ BEDEW GÜNI BELLENILÝÄR
Şu gün, 11-nji iýulda dünýäde ilkinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň Karary bilen döredilen Bütindünýä bedew güni bellenilýär. Gözelligi, görmegeýligi we milli ruhy beýan edýän Ahalteke bedewli Türkmenistan üçin bu baýramyň uly manysynyň bardygyny bellärliklidir. Ajaýyp bedewler bilen köp ýyllaryň dowamynda aýrylmaz baglanyşykly bolan biziň ýurdumyzda milli bedew baýramçylygy döwlet derejesinde giňden bellenilýär, hem-de bu dünýä derejesindäki baýramçylyga aýratyn gadyr bilen goşulýar.
Aha...
AWAZADA GEÇIRILJEK HALKARA FORUMYNA 30-DAN GOWRAK DÖWLET BAŞTUTANY GATNAŞAR
Şu ýylyň 4 – 8-nji awgustynda Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiler. Foruma 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada, şu ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Ber...
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/149242TÜRKMENISTANDA ÝURT BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÝUBILEÝ MEDALY DÖREDILER
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu barada ýurduň resmi metbugaty habar berýär.
Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gurbanowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan berlen tabşyrygy esasynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Tü...
TÜRKMENISTAN BILEN RUANDA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLAR ÝOLA GOÝULDY
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekişlik dabarasy geçirildi.
Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Ruanda Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Martin K Ngoganyň arasynda ikitaraplaýyn we kö...
“TÜRKMENISTAN” AWIAKOMPANIÝASY AŞGABATDAN SEULA HOWA GATNAWYNY ÝOLA GOÝDY
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Aşgabat Halkara howa menzilinden Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seula täze açylan ugur boýunça ilkinji göni uçuş amala aşyryldy. Uçuşy ýurduň “Türkmenistan” milli awiakompaniýasy amala aşyrdy.
Uzynlygy 5 842 kilometr bolan uçuş takmynan 7 sagat 30 minut dowam etdi. Ilkinji uçuşa 365 ýolagçy gatnaşdy. Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlary hepdede bir gezek — duşenbe günleri amala aşyrlar.
Täze ugur talyplar, iş saparlary hem-de syýa...
TÜRKMENISTANYŇ ULAG WE ARAGATNAŞYK PUDAGYNDA TÄZE MINISTRLIKLER WE GULLUKLAR DÖREDILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, degişli resminamalara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini döredildi.
Şeýle hem “Türkmenhowaýollary” hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri degişlilikde “Türk...
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk boýunça brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk boýunça brifing geçirildi.
Brifinge Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda bu iri çäräniň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda täsirli platforma hökmünde çykyş etjekdigi bellenildi.
Türkmenistan...
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň açylyşyna galan wagt hasaplanyp başlandy
Şu tomsuň möhüm halkara wakalarynyň biri – Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) başlanmagyna sanlyja gün galdy. Uly göwrümli bu forum 4–8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Maslahatyň resmi saýtynda eýýäm wagt hasaplaýjy işe girizildi.
Halkara forumyň çärelerini beýan etmek üçin ýörite döredilen maglumat çeşmesi üç dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde elýeterlidir. Ol Türkmenistan...
Türkmenistanyň we Tunisiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2025-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Tunis Respublikasynyň Daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtdaky tunislileriň işleri boýunça ministri Mohamed Ali Naftiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Konstruktiw häsiýetli söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar...
Türkmen dizaýneri Parižde öz işleriniň ýygyndysyny görkezdi
Şu ýylyň 7-10-njy iýuly aralygynda türkmen dizaýneri Göwher Pirkuliýewa - Guwerne 2025-2026-nji ýylyň tomus-güýz möwsümi üçin Parižiň ýokary moda hepdesinde öz işleriniň ýygyndysyny görkezdi.
Öz işleri bilen tanalýan Göwher Pirkuliýewa-Guwerne milli türkmen öwüşginlerini dünýä modasynyň häzirki döwrebap aýratynlyklaryny ussatlyk bilen utgaşdyryp, öz ukybyny täzeden açyp görkezdi. Onuň täze ýygyndysy moda tomaşaçylarynda we tankytçylarynda gündogaryň nepisligini günbataryň çeperçiligi bilen sa...