Tapylan netije sany: 8960
TÜRKMENISTANDA AŞGABAT ÝER TITREMESINIÑ PIDALARYNYÑ WE WATAN UGRUNDA WEPAT BOLANLARYÑ HATYRASYNA HATYRA GÜNI BELLENILÝÄR
Türkmenistanda 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň we 1941-1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşunda söweş meýdanynda wepat bolan watandaşlarymyzyň hatyrasyna Hatyra güni bellenilýär.
1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-den 6-na geçilen gije bolan güýçli ýer titremesi türkmen paýtagtyny weýran etdi we 170 müňden gowrak adam pidalaryna sebäp boldy.
Şol pajygadan wakadan 77 ýyl geçdi, hem-de ýatlamalar henizem ýurduň her bir raýatynyň ýüreginde agyry döredýär.
Bu gün, Aşg...
OGT 2025 GYZYKLANMANYŇ ÝOKARYDYGY SEBÄPLI HASABA ALYŞ MÖHLETINI UZALDÝAR
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2025" atly 30-njy Halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylyk komiteti wekillerden gelip gowşan arzalaryň deňsiz-taýsyz köp bolmagy sebäpli hasaba alyş möhletini 2025-nji ýylyň 13-nji oktýabr, duşenbe gününe çenli uzaldylandygyny yglan etdi.
Ilki başda arzalary kabul etmek 10-njy oktýabrda tamamlanmalydy, ýöne aýratyn ýokary isleg sebäpli möhlet üç gün uzadyldy – hem ýüzbe-ýüz, hem sanly ulgam arkaly gatnaşyjylar üçin. Bu karar forumyň Ýewraziýanyň öňde...
TÜRKMENISTAN WE UKRAINA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 33 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR
Türkmenistan we Ukraina şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 33 ýyllygyny belleýär. 1992-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda biziň ýurtlarymyz diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak boýunça Teswirnama, dostluk we hyzmatdaşlyk Şertnamasyna we Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy we çäreleri utgaşdyrmak Teswirnamasyna gol çekmek arkaly hoşniýetlilik syýasatyna we ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şeýlelikde, 1995-nji ýylda Kiýewdäki we...
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/153047GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÄZE KITAPLARY ÇAPDAN ÇYKDY
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitaby çapdan çykdy.
Nobatdaky jilt Gahryman Arkadagyň düýpli ylmy ensiklopediýasynyň üstüni ýetirmek bilen, ýurduň ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekdäki gymmatly tebigy gorlary boýunça maglumatlary okyjylara ýetirýär. «Türkmeni...
13 SANY TÜRKMEN ÝOKARY OKUW MEKDEBI DÜNÝÄ UNIWERSITETLERINIŇ REÝTINGINE GIRDI
Golaýda Beýik Britaniýanyň «Times Higher Education» («THE») guramasy tarapyndan yglan edilen netijelere görä, Türkmenistanyň 13 sany ýokary okuw mekdebi «reporter» («habarçy») derejesi bilen «THE World University Rankings 2026» atly dünýä uniwersitetleriniň 22-nji gezek çap edilen reýtingine girizildi.
Olar:
1. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty;
2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty;
3. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we...
TÜRKMENISTAN «ZENANLARYŇ BÜTINDÜNÝÄ SAMMITI — 2025» ATLY HALKARA FORUMA GATNAŞDY
13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pekinde geçirilen «Zenanlaryň bütindünýä sammiti – 2025» atly halkara foruma gatnaşdy.
O.Berdiliýewa sammitiň «Umumy geljek: zenanlaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze we tizleşdirilen tapgyry» diýen mowzugy astynda geçirilen mejlisinde çykyş edip, Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nyg...
MADDY DÄL MEDENI MIRASYŇ HALKARA GÜNI
Her ýyl, 17-nji oktýabrda ÝUNESKO agza döwletler 2023-nji ýylda döredilen Maddy däl medeni mirasyň halkara gününi belleýärler.
Türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny gorap saklamaklyga we wagyz etmeklige biziň ýurdumyzda aýratyn üns berilýär.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy we 2011-nji ýylda “Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda” ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna goşuldy, hem-de şondan bäri onuň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça halk...
«TÜRKMENISTAN — BMG» STRATEGIK MASLAHAT BERIŞ GEŇEŞINIŇ DÖRDÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI
16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň gün tertibine Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisindäki ileri tutulýan garaýyşlarynda beýan edilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmad...
TÜRKMENISTAN, ÖZBEGISTAN, GYRGYZYSTAN, HYTAÝ TÄZE MULTIMODAL GATNAW ÝOLUNY IŞE GIRIZDILER
Hytaý, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan bilelikde ýük daşamak üçin täze halkara multimodal gatnaw ýoluny açdylar, bu gatnaw ýoly Orta geçelge hökmünde hem tanalýan Hazarüsti halkara ulag gatnaw ýolunyň günorta şahasy bolup durýar.
Işe giriziliş dabarasy 15-nji oktýabrda Kaşgarda (Hytaýyň Sinçzýan-Uýgur Awtonom Sebiti) boldy, bu ýerden elektron harytlar we enjamlar bilen ýedi ýük awtoulagy Merkezi Aziýa ugruna ugrady. Ýükleriň 21-nji oktýabrda Özbegistana, 24-nji oktýabrda bolsa Türkmen...
TÜRKMENISTAN WE KATAR AŞGABATDA GEÇIRILJEK HALKARA FORUMYŇ GURAMAÇYLYK MESELELERINI MASLAHATLAŞDYLAR
2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kataryň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler.
Şeýle-de, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak f...